Baş sahypa« BÄŞINJI BÖLÜM AHLAK » Ahlaky wezipelerimiz

Yslamyň düzgünnamasyny gysga görnüşde iki maddada jemläp bileris. Olar şulardan ybaratdyr:
1.    Allatagala ybadat etmek.
2.    Allanyň ýaradan zatlaryna mähir we merhemet görkezmekdir. Görnüşi ýaly, diňe Allatagala ybadat etmek bilen wezipämiz gutarmaýar, eýsem ahlaky wezipelerimizi-de berjaý etmegimiz zerurdyr. Kämil bir musulman diňe özüni ýaradan Allanyň öňünde ybadat borçlaryny ýerine salmak bilen çäklenmez, şol bir wagtyň özünde-de adamlara we tutuş janly-jandarlara-da ýagşy niýetli çemeleşer, olary ynjatmaz, olara elinden geldigiçe, gowy gulluk eder, ýagşylyk görkezer.
Şonuň ýaly-da, Allatagala bolan ybadatymyz nähili derejede dinimiziň buýrugy bolýan bolsa, öňi bilen ynsana, galyberse-de, Allanyň ýaradan bütin janly-jandarlaryna hormat goýmak, ýagşylyk etmek hem dinimiziň şol derejedäki buýrugydyr. Musulman bu wezipeleriň ikisini-de yerine salan halatynda, kämil musulman bolar.
Aslynda ahlak bilen iman we ybadatlaryň arasynda berk bir baglanyşyk bardyr. Allatagalanyň huzurynda kabul bolan ybadat adamy ýaramazlyklardan uzaklaşdyran we oňat ahlak bilen bezelen bir ybadatdyr.
Musulmany ýaramaz endiklerden we hereketlerden uzaklaşdyrmaýan we oňa ahlak düzgünlerini, ahlak normalaryny bermeýän ybadata jenaby Hak ähmiýet bermez.
Şahslaryň we jemgyýetleriň rahatlygy we bagtlylygy dinimiziň getiren ýokary ahlak prinsipleriniň öwrenilmegine we durmuşa ornaşdyrylmagyna baglydyr.
Yslamdaky ahlak esaslary, turuwbaşda, özümizi, soňra önüp-ösen ýerimiz bolan maşgalamyzy, ondan soňra içinde ýaşaýan jemgyýetimizi, üstünde ýaşap, ähli naz-nymatlaryndan peýladanýan watanymyzy we iň ahyrynda-da bütin ynsanlary, şol sanda, janly-jandarlary içine alýan görnüşde gaty giňdir we ümmülmezdir. Bu bölümde ahlaky wezipelerimiziň nämelerden ybaratdygyny, kimlere nähili çemeleşmelidigimizi beýan etmäge synanyşmakçydyrys.