Baş sahypa« BÄŞINJI BÖLÜM AHLAK » Ahlagyň ähmiýeti

Dinimizde ahlagyň uly ähmiýeti we özboluşly orny bardyr. Yslamyň maksady adamlary oňat ahlagyň eýesi edip, has-da kämilleşdirmekden ybaratdyr. Diniň buýruklaryna we gadagan eden zatlaryna seredenimizde, muňa anyk göz ýetirip bileris. Pygamberimiz:
 “Men oňat ahlagy tamamlamak üçin iberildim”( Muwatta, Hüsnül-Hulk, 1.) diýip, ahyrky we iň kämil din bolan yslamyň maksadyny we ýokary derejedäki ähmiýetini beýan edipdir. Yslamda oňat ahlagyň ýerini-de şeýle düşünjeler bilen görkezipdir:
 “Yslam – munuň özi oňat ahlak diýmekdir.”(Kenzul-Ummal, 3/17, Hadys №: 5225.)
Diýmek, yslamyň oňat ahlak bolşuna görä, musulman-da oňat ahlak eýesi bolmalydyr. Aslynda, musulmanyň gadyr-gymmaty onuň ahlagynyň oňatlygy bilen ölçenilýändir. Imanyň miwesi oňat ahlakdyr. Ýagşy gylygy we oňat ahlagy bolmaýan adam edil miwesiz agaç mysalydyr. Musulman Allanyň we pygamberiň söýgüsini ýagşy hereketleri we oňat ahlagy netijesinde gazanýandyr.
Pygamberimizden şeýle diýip soradylar:
-“Allatagalanyň huzurynda iň söýgili bolan gullar kimlerdir?
- Ahlagy iň oňat bolanlardyr” (Et-Tergib wet-Terhib, j.3, s.408 (Hadysy Taberany aýdypdyr).) diýip jogap berdipdir. Başga bir hadysynda hem şeýle diýilýär:
 “Siziň maňa iň ýagşyňyz we kyýamat gününde maňa iň ýakynyňyz ahlak taýdan iň oňat bolanyňyzdyr.”(Tirmizi, Birr, 71.)
Görnüşi ýaly, merhemeti we rehimdarlygy tükeniksiz bolan beýik Allatagalanyň razylygyna ýetmek älem-jahana rehimdarlyk hökmünde iberilen pygamberimiziň söýgüsini gazanyp, onuň ýakynynda bolmak diňe oňat ahlak eýesi bolmak bilen mümkindir.
Adamyň oňat ahlakly bolşy onuň ýüregindäki kämilleşen imanyň bir görkezgijidir, ýagny sagdyn we kämil bir imana eýe bolan adamyň ahlak taýdan hereketleri ýagşy bolýandyr, onuň ýaly adamdan ýaramaz işler ýüze çykmaz. Pygamberimiziň şu hadysy munuň beýannamasydyr. Onda şeýle diýilýär:
“Möminleriň iman babatdan iň kämili we nusga alarlygy onuň ahlagynyň has oňat bolanydyr.”(Tirmizi, Iman, 6; Ebu Dawud, Sünnet, 14.)
Musulmany Allatagalanyň söýgili gullary mertebesine beýgelden we pygamberimize ýakynlaşdyran oňat ahlakdyr, netije hökmünde jemläp aýdanymyzda, ahlak musulmanyň jennete girmegine we ebedi bagtlylyga gowuşmagyna düýpli esasdyr.