Baş sahypa« BÄŞINJI BÖLÜM AHLAK » Musulman hiç kimi aldamaz

Musulman sözünde dogry bolşy ýaly, iş hereketlerinde-de dürslükden ýol alar, hiç kimi aldamaz. Munuň özi dogruçyl bolmaklygyň aslydyr.
Hakykaty bolşundan üýtgedip, musulmany aldatmak ýaramaz häsiýetdir, aýyp hereketdir.
Pygamberimiz bazarda bir galla üýşmeginiň ýanynda geçen wagty elini şol galla üýşmeginiň içine sokup gördi welin, eli öl bolup çykdy.
“Eý, bugdaý eýesi, bu ýagdaý nämeniň alamaty?” diýip sorady.
Bugdaý eýesi:
“Ýagyşda öl boldy, eý Allanyň resuly” –diýip jogap berdi. Şonda pygamberimiz:
“Öl bölegini adamlar görer ýaly üstüne çykaryp goýsaň bolmadymy? Bize al-hile eden, bizi aldan bizden däldir” (Müslim, Iman, 43) diýipdir.