Baş sahypa« BÄŞINJI BÖLÜM AHLAK » Çagalarymyz bilen baglanyşykly wezipelerimiz

Çaga munuň özi Allatagalanyň ene-ata tabşyran bir amanatydyr. Ony oňat terbiýeläp ösdürmek, jemgyýete peýdaly adam edip ýetişdirmek ene-atanyň ilkinji wezipeleriniň biridir. “Çagany başdan..” diýişleri ýaly, oňa kiçi ýaşdan başlap oňat terbiýe berilse, hem maşgala, hem-de milletine peýdaly adam bolup ýetişer. Eger oňat ýetişdirilmese we gerek derejede terbiýe berilmese, onda ne özüne, ne-de başga adamlara peýdasynyň bolmajakdygy bellidir.
Şonuň üçin ene-ata çaga terbiýesi meselesinde hem Allanyň öňünde, hem-de milletiň öňünde jogapkärdir.
Çaga doglanda oňa ýagşy at goýmak, çagalaryň fiziki we ruhy taýdan sagdyn görnüşde ýetişmekleri üçin alada etmek zerurdyr. Sebäbi, çagalaryň geljekde maddy we ruhy taýdan ösüp ýetişmegi, jemgyýetde başarnyk we üstünlik gazanmagy üçin oňat iýmitlendirilmegine we saglykly ösdürilmegine baglydyr. Çaganyň doglandan soňra belli bir möhlet ene süýdi bilen iýmitlendirilmeginde enäniň üstüne uly wezipe düşýär. Lukmançylykda hem anyklanyşy ýaly, bäbegiň iň esasy iýmiti ene süýdüdir. Onuň öwezini başga zat bilen dolduryp bolmaýar. Çagany emdirmek hem çaga üçin hem-de ene üçin peýdalydyr. (“Ene süýdi çaganyň ulalmagy we ösmegi üçin örän ýokumly maddalary ýeterlik mukdarda özünde birleşdirýän suwuklykdyr.” (THE MERCK MANUEL / Anyklaýyş we bejeriş boýunça gollanma kitaby. Terjime eden: Dr. R. Mehmet Pekus, j.2, s.1380.)
“Ene süýdüne diňe protein, karbongidrat we ýaglaryň bir garyşygy hökmünde garalmaly däldir. Her bir çaganyň mätäçligine görä kadalaşan witaminleriň ýeterlik mukdary we biologik peýdasy ýokary derejede bolan fiziologik çaga iýmitidir.”
“Bu deňi-taýy bolmadyk iýmitden bäbekleriň kadaly görnüşde peýdalanyp bilmekleri üçin enelere peýdaly we praktiki maslahatlar berilmegi hökmanydyr.”
“Bäbek dört-alty aýlyk bolýança ony iýmitlendirmekde ene süýdi ýeterlikdir. Şol aýlarda ediljek goşmaça iýmit goldawy bilen ene süýdi bir ýaş we ondan soňam berilmelidir.” (Ça- ganyň saglygy. Esasy maglumatlar, sahypa: 17, 19, 30. Doç. Dr. Turgaý JOŞGUN, Ankara, 1988.) )
Dinimiz çaganyň ene süýdi bilen iýmitlendirilmegine gaty uly derejede üns beripdir. Oraza aýynda oraza tutmak, eger süýt emen çaga ýa-da emdiren enä zyýan berýän bolsa, onda ene soňra tutmak üçin orazasyny soňa goýup biler. Çagalara dini wezipelerini öwretmek hem ene-atanyň borjudyr.
“Çagalaryňyz ýedi ýaşyna gelende, oňa namaz okamagy tabşyryň.”( Ebu Dawud, Salat, 26.)
Ene-ata çagalaryny azyk we egin-eşik bilen üpjün etmek bilen bir hatarda, olaryň ruhy taýdan mätäçliklerine-de üns bermäge mejburdyrlar. Pygamberimiz şeýle diýipdir:
“Kaka öz perzendine iň oňat terbiýeden başga uly sowgat bagyşlap bilmez.” (Tirmizi, Birr, 33.)
Çagalaryň iýmitlendirilmäge mejbur bolşy ýaly, olar söýülmäge hem mätäçdirler. Çagalar söýlende, olara sowgat berlende, tapawut goýmazlyga, adalatly bolmaklyga üns berilmelidir. Çagany okatmak, ýaşaýyşda geljegi üçin iş bilen üpjün etmek hem ene-ata düşýän wezipeleriň biridir.
Çagalara ahlak, edep we terbiýe öwredilende, ene-ata hoşamaý we sypaýy görnüşde çemeleşmelidir. Tersine bolan halatynda, onda çagadan garaşylýan oňat netijäni almak mümkin bolmaz. Olaryň kim bilen tirkeşýändigini, deň-duşlaryny, tutan dostlaryny ene-ata gözegçilik etmelidir, ýaramaz täsir etjek zatlar bilen gyzyklanýan dostlaryndan uzak tutulmalydyr, perzendi erbet endiklerden, ýaramaz deň-duşlardan hemişe gorap saklamaly.
Jemläp aýdanymyzda, perzentlerini maşgalasyna, il-gününe, milletine we watanyna peýdaly adam edip ýetişdirmek ene-atanyň iň esasy wezipesidir.