Baş sahypa« BÄŞINJI BÖLÜM AHLAK » Ahlagyň çeşmesi

Yslam ahlagynyň çeşmesi mukaddes Gurhanda orun berlen ýokary ahlak düşünjeleri bilen bulary durmuşa ornaşdyran, berjaý etdiren pygamberimiziň nusga alarlykly ömür beýany we özüni alypbarşynyň ajaýyp nusgalarydyr.
Pygamberimiz Allatagalanyň terbiýesi bilen ýetişipdir, ähli ýagşylyklary we nusga alarly häsiýetleri özünde jemläpdir.
Ol ahlagyny Gurhandan alypdyr. Onuň hormata mynasyp ýanýoldaşy hezreti Äşe pygamberimiziň ahlagynyň nähili bolandygyny soran adama şeýle görnüşde jogap beripdir:
“Sen näme Gurhan okaňokmy?!
Onuň ahlagy edil Gurhan mysalydy.”(Müslim, Salat, 139.)