Baş sahypa« BÄŞINJI BÖLÜM AHLAK » Musulman pitne çykarmaz, topalaň turuzmaz

Musulman adamlaryň arasyny açan sözlerden gaça durmaly bolşy ýaly, jemgyýetiň rahatlygyny bozjak, adamlary gyrlyşdyrjak, milletiň bölünmegine ýol açjak sözlerden we hereketlerden-de gaça durmaga mejburdyr.
Mukaddes Gurhanda musulmanlaryň pitne çykarmakdan, topalaň turuzmakdan, bölüjilik we arabozarlyk etmekden saklanylmagy talap edilýär we pitnäniň adam öldürmekden has ýaramazdygy beýan edilýär:
 “Pitne çykarmak adam öldürmekden has erbetdir.” (Bakara, 191)
 “Pitne munuň özi adam öldürmekdenem has uly günädir.” (Bakara, 217)
Arabozarlyk we agzalalyk diňe bir adam üçin edilen ýaramazlyk bolman, eýsem bütin millete garşy edilen bir günädir, jenaýatdyr, iň uly ýamanlykdyr.
Musulmanlaryň agzybirligi, we jebisligi üçin hemişe kükrek geren pygamberimiz şol agzybirligi bozmaga synanyşanlaryň gazaba uçrajakdygyny beýan edipdir. Ol şeýle diýipdir:
 “Arabozarlyk we agzalalyk eden bizden däldir.” (Jamius-Sagyr, “Men” maddasy)
Musulmana ýeten paý agzybirlige zyýan berjek söz we hereketlerden hökmany suratda saklanmak, tersleşenleri ýaraşdyryp milletiň jebisligine we jemgyýetiň asudalygyna goşant goşmakdyr.
Beýik Allatagala şeýle diýipdir:
 “Möminler biri-biriniň doganydyrlar, şeýle bolýan bolsa, onda doganlaryňyzyň arasyny sazlaň.”  (Hujurat, 10)
Hormatly pygamberimiz:
“Size oraza, namaz we sadakadan ýokary bolan bir zady habar bereýinmi?-diýdi.
-    Hawa, aýdyň-diýdiler. Pygamberimiz:
“Iki kişiniň arasyny ylalaşdyryp sazlamakdyr. Çünki, iki adamyň arasynyň bozulmagy (dini) kökünden köwlär.” (Ebu Dawud, Edeb, 58) diýipdir.