Baş sahypa« BÄŞINJI BÖLÜM AHLAK » Musulman gybat etmez, başga adamlaryň yzyndan gürrüň etmez

Mukaddes Gurhanda musulmanlaryň biri-birine myjabat atmak, gybat etmek ýaly hereketleri gadagan edilipdir. Munuň hut ölen adamyň etini iýen mysaly gaty ýaramaz we ýigrenji hereketdigi beýan edilipdir. (Hujurat, 12)
Diri adamlaryň gybatyny etmekligiň günä bolşy ýaly, aradan çykan adamlaryň gybatyny etmek-de dogry däldir.
Dinimiz ölen adamyň ýaramazlyklaryny aýtmakdan gaça durmagy we ýagşylyklary hakynda gürrüň etmegi maslahat beripdir.
Pygamberimiz bu mesele bilen baglanyşykly şeýle diýipdir:
 “Öten geçenleriňiziň oňat, ýagşy zatlaryny ýatlaň, ýaramazlyklaryny aýtmakdan saklanyň.” (Ebu Dawud, Edeb, 50)