Baş sahypa« BÄŞINJI BÖLÜM AHLAK » Ýaşamak hukugy adamyň ilkinji we iň esasy hakydyr.

Ynsanyň bu hak-hukugyna sarpa goýmak, talaňçylyk we ägsermezçilik etmezlik adamyň ilkinji wezipesidir.
Nähak ýere bir adamyň janyna dözmek, ömrüne soň bermek uly günädir, dinimiz bu günäni edenlere bu dünýäde-de ahyretde-de agyr jeza goýýandyr.
Şahsy eýeçilik (mülkiýet) hak-hukugyda adamlaryň esasy haklarynyň arasyndan orun alýar. Düzgüne laýyk ýollardan mal-mülk eýesi bolma we öz mallaryna eýeçilik etme jogapkärçiligine eýe bolan adamyň mal-mülki we eýe bolan serweti her hili talaňçylykdan goralandyr.
Bu hak-hukuga raýatçylyk etmek we talaňçylyk etmezlik-de musulmanyň wezipesidir. Ogurlamak, talamak, aldamak ýa-da hile salmak bilen başga biriniň malyny öz eýeçiligiňe geçirmek dinimiz tarapyndan gadagan edilendir.
Nähak ýere başga biriniň malyny iýenler munuň öwezini jähennem ataşyna atylmak bilen ödejekdirler.
Pygamberimiz şeýle diýipdir:
-    “Bir adam ant içip, bir musulmanyň hak-hukugyny äsgermese, Allatagala şol adamy jähenneme ýollar we oňa jenneti haram eder.”
Şonda bir adam şeýle diýip sorapdyr:
-    “Eger şol hak ähmiýetsiz, ýönekeý hem bolsa, soňy şeýlemedir?” Oňa pygamberimiz şu jogaby beripdir:
-    “Hawa, şeýledir, goý ol, bir ýönekeý agaçdan goparylan çybyk bolsun, munuň tapawudy ýokdur.” (Müslim, Iman, 61).
Döwlet maly-da şeýledir. Döwletiň maly milletiň malydyr. Onda her kimiň hak-hukugy bardyr. Şol sebäpden, musulman döwletiň malyny ogurlamakdan, oňa zyýan ýetirmekden hökmany suratda saklanmalydyr, hatda döwletiň malyny hut öz maly ýaly aýawly gorap saklamalydyr.
Adamlaryň ar-namysy, at-abraýy we degnasyda talaňçylykdan, äsgermezçilikden goralandyr.
Töhmet atmak, gybat etmek, söwmek, äsgermezçilik etmek we aal-hile ýoly bilen başga biriniň namysyna we at-abraýyna myjabat etmek, talaňçylyk salmak musulmana gelişmeýän häsiýetlerdir we uly günädir. Ynsanlaryň ýüregini ýaralaýan we göwnüne degýän bu hereketler köpçülikde doganlyk duýgularynyň garalanmagyna, agzybirlikdir jebisligiň bozulmagyna sebäp bolýar.
Aslynda kämil bolan bir musulman beýleki ynsanlaryň hak-hukuklaryna sarpa goýýan we olary hormatlaýan hiç kime zyýany ýetmeýän adam diýmekdir.
Pygamberimiz musulmany şeýle häsiýetlendiripdir:
 “Musulman elinden we dilinden beýleki musulmanlara zyýan gelmeýän ynamdar adamdyr.” (Buhary, Iman, 4; Müslim, Iman, 19)
Adamlaryň janyna, malyna, at-abraýyna we namysyna talaňçylyk edenler bu edenleriniň agyr jezasyny agyr görnüşde-de çekjekdirler, gazanan sogaplary ellerinden alnyp, tuwmaýak galjakdyrlar.
Pygamberimiz:
-    “Tuwmaýagyň kimdigini bilýäňizmi?”-diýdi.
-    “Biziň pikirimizçe, tuwmaýak puly, maly bolmaýan adamdyr”- diýip jogap berdiler.
Şonda pygamberimiz şeýle diýipdir:
“-Meniň ymmatymda tuwmaýak diýilýän şunuň ýaly adamdyr, ýagny kyýamat gününe namazy, orazasy we zekaty bilen geler. Ýöne birine söwen, birini kowan, beýlekisine gara ýöňkän, biriniň malyny iýen biriniń ganyny döken biriniń zadyny soýan, birine gödek söz diýen, garaz, garadan gaýtmaz bolan. Şol sebäpli, onuň gazanan sogaplary şol sanalan adamlaryň arasynda paýlanar. Şolaryň haky berilmän sogaby tükense, hak eýeleriniň günäleri onuň üstüne ýüklener, iň soňunda-da ol jähenneme taşlanar.” (Müslim, Birr, 15)
Musulman kyýamat gününde bu ýagdaýa düşmezlik üçin başga adamlara ýamanlyk etmekden, zyýan ýetirmekden, haklaryny iýmekden gaça durmalydyr. Eger şeýle iş eden hem bolsa, derrew hak eýesi bilen halallaşmalydyr, ötünç soramalydyr, guluň hakyny boýnuna alyp ahyrete gitmeli däldir.
Pygamberimiz bu meselede bize halas boluş ýoluny görkezip, şeýle maslahat beripdir:
“Bir adam din doganynyň namysyna we at-abraýyna ýa-da malyna nähak görnüşde talaňçylyk eden bolsa, altyn we kümüş bolmajak kyýamat gününden öň, onuň bilen halallaşsyn. Bolmasa, eden zulumy derejesinde onuň oňat amallaryndan alnyp, hak esesine berler. Ýagşylygy ýok bolsa, hak eýesiniň günäsinden alnyp, haksyzlyk edeniň boýnuna ýüklener.” (Buhary, Mezalim, 10)
Başgalara oňat garamak we elinden geldigiçe ýagşylyk etmek oňat ahlakly bolmaklygyň talabydyr.
Pygamberimiz:
-    “Her bir musulmanyň sadaka bermegi hökmanydyr” diýdi.
-    Sadaka berer ýaly zadyň bolmasa, näme etmeli?-diýdiler.
-    “Eli bilen işlär, oňa-da özüne-de peýdaly bolar”-diýdi.
-    Muny edip bilmeýän bolsa, nätsin?-diýdiler.
-    “Kynçylyga düşene kömek eder”-diýdi.
-    Bu-da elinden gelmese?-diýdiler.
-    “Ýagşylyk etsin”-diýdi.
-    Ony-da edip bilmese?-diýdiler.
-    “Ýamanlyk etmekden saklansyn. Bu-da bir sadakadyr.” diýdi.( Buhary, Zekat, 30; Müslim, Zekat, 16.)