Baş sahypa« BÄŞINJI BÖLÜM AHLAK » Yslamda çakdanaşalyk ýokdur

Ynsan beden bilen ruhuň birleşmeginden emele gelen barlykdyr. Şol sebäpli dinimiz onuň bedeni we ruhy zerurlyklaryny hasaba alypdyr, madda bilen mazmunyň arasynda sazlaşykly bir deňligi gurupdyr.
Yslam ynsanyň ýaradylyşyna laýyk gelýän düzgünlere esaslanýandygy üçin, dini meselelerde çäklilige buýruk beripdir, şol çäkden aşak düşmegi islemeýşi ýaly, çäkden ýokary çykmagy, ýagny çakdanaşalygy dogry görmändir.
Dinimiz rugsat edilen zowkdan ynsany mahrum etmeýşi ýaly, özüni lükgeligi bilen ybadata berip, bedenine agram salmagy oňyn görmändir, ynsana öz güýjüniň ýetdigiçe wezipe ýüküni ýükläpdir.
Bu barada mukaddes Gurhanda: “Allatagala hiç kime güýji ýetmejek derejesindäki çakdanaşa ýüki ýüklemez”(Bakara, 286.) diýlipdir.
Yslamda aňsatlyk we ýeňillik esas alnandyr. Bu meselä esasan mukaddes Gurhandan we pygamberimiziň hadyslaryndan hem anyk görnüşde göz ýetirmek mümkindir. Bu babatdaky aýatlaryň käbiri şulardyr:
 “Alla size diňe aňsatlygy hem-de ýeňilligi berer, kynçylygy we zorlugy bermez”(Bakara, 185.)
 “Allatagala size kynçylyk döretmek islemez, ýöne sizi günäden ardyndyrmak hem-de şükür edersiňiz diýen niýet bilen nygmatlaryny doly tamamlamak islär.”(Maide, 6.)
 “Alla dinde size hiç hili kynçylyk döretmedi, zorluk etmedi”(Haj, 78.)
Pygamberimiz hem şeýle diýipdir:
 “Bu diniň aňsatdygyna hiç hili şübhe ýokdur. Bir adam din meselesinde özüne agram salsa, din ondan üstün geler (ýagny ol adam basylyp, tutuşlygyna amal etmez ýagdaýa düşer). Eger şeýle bolýan bolsa, onda siz çäkden çykmaň.”(Buhary, Iman.)
Başga bir hadysyň manysyda şeýledir:
“Ortalyk ýoluny tutuň. Amallaryňyzy kemala getiriň. Ertir ir bilen agşam arasynda we bir süre-de gije işläň. Çäkden çykmaň, çakdanaşa gitmäň, maksadyňyza ýetersiňiz.”(Buhary, Rikak, 18.)
Pygamberimizden “Haýsy amal Allatagala üçin has oňatka?” diýip soranlarynda, ol “Az hem bolsa, yzygiderli edilen amaldyr”(Buhary, Rikak, 18.) diýip jogap beripdir.
Düşündirilen aýat we hadyslardan görnüşi ýaly, dinimizde zorluk ýokdur. Çakdanaşalyk we kyn ýagdaýa düşürjek zatlar oňyn hasap edilmändir, aralyk, ortalyk ýoly tutmak maslahat berlipdir.
Hormatly pygamberimiz: “Dini işlerde çakdanaşalyk edenler ýok boldy”(Müslim, Ilm, 4.) diýipdir we bu sözüni üç sapar yzly-yzyna gaýtalapdyr.
Başga bir hadysy bilenem çakdanaşalykdan gaça durmagy maslahat berip, şeýle diýipdir:
 “Dinde çakdanaşalykdan saklanyň. Sizden öňküler şol sebäpli heläk boldular.”(Ahmet b. Hanbel, Müsned, 1 / 125.)
Enes (r.a.) şeýleräk gürrüň beripdir: Pygamberimiz metjide giren wagty iki sany sütüniň arasyna gerlip goýlan ýüpi gördi-de:
“-Bu ýüp näme?”- diýip sorady. Oňa şeýle jogap berdiler:
“Bu ýüp Zeýnebiň ýüpi, namaz okap ýadan wagty şondan aslyşýar.” Şonda pygamberimiz:
“Bu ýüpi derrew çözüň, siziň her biriňiz öz islegiňize we güýjüňize görä namaz okaň, ýadan wagtyňyz dynç alyň ýa-da ýatyň.”(Buhary, Tehejjüt, 18; Müslim, Salat, 31.) diýip tabşyrypdyr.
Ibni Abbasyň (r.a.) aýdýan rowaýatyna görä, şeýle waka bolupdyr. Hormatly pygamberimiz egindeşlerine ýüzlenen wagtynda aýak üstünde duran bir adamy görüpdir we ýanyndakylardan onuň kimdigini sorapdyr.
Oňa şeýle diýipdirler: Ol Ebu Israildir, özem güneşde gezmegi, aýak üstünde durmagy, kölegede durmazlygy, geplemezligi we oraza tutmagy halaýan adamdyr.
Şonda pygamberimiz (s.a.s.) şeýle diýipdir:
“Oňa aýdyň, “Goý, ol geplesin, goý, ol otursyn, goý, ol kölegede dynç alsyn, ýöne orazasyny welin dowam edip gutarsyn”(Buhary, Eýman, 21.) diýipdir.
Hormatly pygamberimiz egindeşlerinden Selman bilen Ebud-Derdany dogan okaşdyrypdy. Şol sebäpli Selman Ebud-Derdalara görme-görşe gitdi. Ebu-Derdanyň maşgalasynyň köne-küşül egin-eşikde bolandy- gyny görüp:
“Bu üst-başy näme?”-diýip ondan sorady. Şonda Ebud-Derdanyň maşgalasy: “Seniň doganyň dünýä bilen işi ýok, öýüne seredenok”- diýip jogap berdi. Ondan soňra Ebud-Derda öýe giripdir. Selman üçin nahar taýýarlanypdyr, orta saçak ýazylyp hödür-kerem edilipdir. Şonda Ebud-Derda:
“Meniň agzym bekli, oraza tutýan, siz iýiberiň!”-diýipdir. Onda Selman:
“Sen iýmeseň, men hem iýjek däl” diýipdir. Soňunda Ebud-Derda hem iýmeli bolupdyr. Gije bolupdyr, Ebud-Derda ybadata taýýarlanypdyr. Selman oňa:
“Ýat-da dynjyňy al”-diýen. Ebud-Derda uklap dynjyny alypdyr. Ertir daň bilen Selman Ebud-Derdany oýandyrypdyr:
“Hany indi tur!” diýip, ikisi bilelikde namaz okapdyr. Namazdan soňra Selman Ebud-Derda şeýle diýipdir:
“Seniň boýnuňda Rabbynyň borjy bardyr. Nebsiň borjy bardyr. Maşgalaň borjy bardyr. Her bir hak eýesiniň haky bergin.”
Ebud-Derda bu ýagdaýy bolşy ýaly edip pygamberimize aýdyp beripdir. Şonda pygamberimiz: “Selman gaty dogry aýdypdyr we dogrusynam edipdir”(26 Buhary, Sawm, 51.) diýipdir.
Diňe ybadatda däl, eýsem çykdajylarymyzda-da “ortalyk, aralyk” ýoly tutmagymyza buýruk berlendir. Pul nähili gazanylýar, nähili sowulýar, durmuşda hakyky adam ýaly nähili ýaşamaly? Ynha, dinimiz şunuň ýaly meselelerde-de çakdanaşalygy etmän, “ortalyk, aralyk” ýoly tutmagy maslahat beripdir.
Puly weşeň-weşeň edip saklap, ýeri gelende sowup bilmeýän husytlar elleri bogazyna baglanan ýesirler mysalydyr. Elindäki puluny maşgalasy, garyp-gasarlar, ýetimler üçin, mätäçlik çekýänler üçin dözüp bilmeýänleriň ýesirden näme tapawudy bolup biler?! Aslynda, pul näme üçin gazanylýar?!
Adam şekilli ýaşamak, mätäçlik çekýänlere kömek bermek dünýäde adamlaryň söýgüsini, Allatagalanyň razylygyny, ahyretde ebedi bagtlylygy gazanmak üçin dälmi näme?! Şunuň ýaly zatlara ýaramaýan puluň nähili gadyr-gymmaty bolup biler we nämä ýarar?!
Ynha, peýdalanylmagy zerur ýerde ulanylmaýan weşeň-weşeň puly sarp etmezlik baryp ýatan husytlykdyr.
Geliň, indi şunuň tersi hakynda oýlanyp göreliň. Eli açyksyramak, ýersiz-ýere, gerekmejek mukdarda pul sowurmak, bolar-bolgusyz zatlar üçin ummasyz çykdajy çykarmak, saçyp-sowurmak, baryny-ýoguny sarp edip, barlyka, garyp ýagdaýa düşmek-de gowy zadyň alamaty däldir. Bu-da isripdir.
Bularyň ikisi-de gaty ýalňyşdyr. Yslamyň getiren ahlak düşünjesine laýyk gelmeýär. Dogrusy we amatlysy, “ortalyk, aralyk” ýoluny saýlap alyp şoňa görä hereket etmekdir.
Gysganç däl, tygşytly bolmak zerurdyr, maşgala agzalaryna we mätäçlik çekýänlere ölçeg bilen sarp etmek zerurdyr.
Sarp edilen wagtynda sowurmak başga, jomartlyk başgadyr. Puly ýerli ýerinde we gerekli zada sarp etmek, kömek üçin bermek gaty peýdalydyr.
Sarp edilen wagtynda puly biderek sowurman, tygşytly, “ortalyk, aralyk” ýoluny saýlap almak bilen baglanyşykly buýruklar we maslahatlar şu aşakdaky aýatlarda hem duş gelýär:
 “Ýene bir zat: dogan-garyndaşa, mätäçlik çekýäne we ýolagça öz hakyny bergin. Ýerliksiz ýere saçyp sowurma!”(Isra, 26.)
“Eliňi boýnuna daňyp asma, ýumrugyňy gaty berk görnüşde-de ýumma, ony tutuşlygyna-da açyberme. Soňra puşman bolarsyň.”(Isra, 29.)
“Olar (mallaryny,pullaryny) sarp eden wagtynda, ne-hä isrip ederler, ne-de gysgançlyk. Bu ikisiniň arasyndaky “ortalyk, aralyk” ýoluny saýlap alarlar.”(Furkan, 67.)
Pygamberimiz-de bu mesele barada şeýle diýip belläpdir: “Tygşytly adam mätäçlik çekmez.”(Ahmed b. Hanbel, Müsned, 1 / 447.)
“Tygşytly bolmak, sarp edişde “ortalyk, aralyk” ýoluny saýlap almak munuň özi ýaşaýşyň ýarysydyr.” (El-Fethül-Kebir, 1 / 507.)