Baş sahypa« BÄŞINJI BÖLÜM AHLAK » Ahlagyń Jezasy

Yslamda ahlak düzgünleriniň jezasy diňe bir jemgyýetiň ýazgarmagynda ýa-da birtopar jerimelerden ybarat bolman, eýsem ýüreklere ýerleşen Allatagala bolan gorky we jogapkärçilik duýgusyndan ybaratdyr.
Şonuň üçin musulman özüni hiç kimiň görmedik we öz wyjdany bilen özbaşdak galan ýerlerinde-de ölçegli we çäkli hereket etmelidir we ahlak düzgünlerine boýun egmelidir.
Dini babatdan ynamdar bir adam ähli hereketleriniň Alla tarapyndan gözegçilik edilýändigini bilmelidir. Dünýäde eden her bir işden we hereketden kyýamat gününde soraga çekiljekdigine, ýagşylyk edenleriň gadyrynyň bilinjekdigine, ýamanlyk edenleriň bolsa jezalandyryljakdygyna ynanmalydyr we şoňa görä-de hereket etmelidir.
Beýik Allatagala şeýle diýipdir: “Kimde kim zerre çemesi ýagşylyk eden bolsa, ony (gadyryny) görer. Kimde kim zerre çemesi ýamanlyk eden bolsa, ony (jezasyny) görer.”( Zilzal, 7-8.)
Bu ynanjy özünde jemleýän musulman ähli hereketlerine ünsli çemeleşmelidir, hiç kime ýamanlyk etmeli däldir, elinden geldigiçe, ýagşylyk etmäge çalyşmalydyr.
Şeýle ynanja eýe bolmaýan we başga adamlar tarapyndan eşidilip, ýazgarylmajagyna gözi ýeten adam sypynsa, pursat tapsa, her hili ýamanlygy edip biler. Çünki ýüreginde Alla bolan gorkusy, wyjdanynda jogapkärçilik duýgusy bolmaýan adamyň hereketlerini yzygiderli barlag we derňew etmek, her bir adamy yzarlajak polisiya işgärine tabşyrylmagy mümkin däldir. Ýöne her bir adamyň ýüregine ruhy taýdan bir sakçy ýerleşdirmek mümkindir.
Şonuň üçin, “Hikmetiň başy Allatagala bolan gorkudan başlanýandyr” diýilýär.
Beýik şahyr M. Akyf Ersoý hem bu hakynda şeýle ajaýyp nusgada sünnälenen setirleri bilen öz garaýşyny beýan edipdir:
“Ne yrfandyr ahlaga beýiklik beren ne wijdan, Fazilet duýgysy adamda Alla gorkysyndandyr. Ỳüreklerden aýrylanlara parz edilsin howzy Ỳezdan,
Ne yrfanyń täsiri galar ne wyjdanyń.” (Safahat, s. 251)
Ynha, şol ruhy sakçy diýilýäni şudur; ynsandan hiç haçan aýrylmaýan, hemişe we her ýerde özi bilen bilelikde bolan we oňa elmydama jogapkärçiligini ýatladyp durýan Alla gorkusydyr.