Baş sahypa« BÄŞINJI BÖLÜM AHLAK » Köpçüligiň öňündäki wezipelerimiz

Ynsanlar köpçülikleýin görnüşde ýaşaýarlar.
Köpçüligi emele getiren şahslaryň biri-biriniň öňündäki jogapkärçiligi we boýun bolmagy zerur ikitaraplaýyn hak-hukuklary we wezipeleri bardyr.
Dinimiz şahslaryň özara gatnaşyklaryna uly ähmiýet beripdir we tabyn bolmaklygy zerur hukuk hem-de ahlak düzgünlerini anyklapdyr. Şol düzgünnamalara boýun bolnan halatynda köpçülikde düzgün-tertip ýola goýlar, şeýlelikde musulmanlar arkaýyn we rahatlykda, agzybirlikde ýaşarlar, bagtly bolarlar.
Musulmanyň iň esasy wezipesi başga biriniň eldegrilmez bolan hak-hukuklaryna sarpa goýmakdyr, oňa äsgermezçilik etmezlikdir. Bu hak-hukuklar diňe ahlak babatdan däl, eýsem hukuky taýdan-da esaslandyrylandyr, äsgermezlik edilende zerur bolan jezalaryň ýola goýulmagy-da göz öňünde tutulandyr.
Pygamberimiz taryhy Hoşlaşyk hutbasynda adamlaryň jan, mal we namyslarynyň eldegrilmez hak-hukuklarynyň bardygyny yglan edipdir we şeýle diýip belläpdir:
“Adamlar! Şu günlerimiz neneňsi derejede bagtly gün bolýan bolsa, bu aýlarymyz nähili mukaddes bir aý bolýan bolsa, bu şäherimiz (Mekge) neneňsi bir ajaýyp şäher bolýan bolsa, janlaryňyz, mallaryňyz we namyslaryňyz-da hut şonuň ýaly mukaddesdir. Her hili talaňçylykdan, äsger- mezçilikden goralandyr.” (Buhary, Megazy, 75; Müslim, Kasame, 9)