Baş sahypa« BÄŞINJI BÖLÜM AHLAK » Maşgalamyzyň öňündäki wezipelerimiz

Maşgalanyň ähmiýeti


Maşgala ene, ata we çagalardan emele gelýär. Är-aýal tarapyndan gurulýan maşgala jemgyýetiň özeni, milletiň esasy sütünidir. Millet diýlen uly jemgyýetçilik birligi maşgalalaryň özara birleşmeginden emele gelýär.
Dinimiz milletiň agzybirligine, jebislegine, güýç-kuwwatly bolmagyna uly ähmiýet beripdir. Bir binanyň berk bolmagy üçin ony emele getirýän bölekleriň berk bolşy ýaly, milletiň güýçli we kuwwatly bolup bilmegide onuň düzümini emele getirýän maşgalalaryň sagdyn bolmagyna baglydyr. Maşgalalar nähili derejede bagtly we rahat bolsa, milletem şonça güýçli we kuwwatly bolar.
Maşgala munuň özi dini we ahlak meselelerinde başlangyç maglumatlaryň berlen, milli we ruhy gymmatlyklaryň öwredilen, däp-dessurlaryň dowamat dersi berlen mekdep mysalydyr.
Ynsanyň bagtyýarlygynyň çeşmesi bolan bu ojakda islenilýän arkaýynlyk we rahatlylyk diňe maşgala agzalarynyň biri-birine bolan wezipelerini berjaý etmegi bilen ýola goýulýar. Şonuň üçin maşgala agzalarynyň öz jogapkärçiligini oňat bilmegi hem-de ahlak taýdan wezipelerini berjaý etmegi maşgalanyň rahatlygy hem-de milletiň geljegi babatdan örän ähmiýetlidir.
Nika ähdi bilen gurlan maşgalanyň dowamaty esasdyr. Dinimiz öýlenip maşgala gurmagy maslahat beren wagty maşgalanyň dargamagyna sebäp boljak söz we hereketlerden gaça durmagy beýan edipdir, ýerliksiz ýere we wagtlaýyn zowky-sapalaryň ugrunda hallan atyp, maşgala ojagynyň ýykylmagynyň ýalňyş hereketdigini düşündiripdir.
Är-aýala düşýän wezipe biri-birlerine hormat goýmak we hoşamaý ýüzlenmek bilen, düýbüni bilelikde tutan maşgala ojagyny sagdyn görnüşde gorap saklamakdyr. Munuň üçin är-aýalyň öz üstüne düşen hak-hukuklaryny we wezipelerini tabyn bolup, ony ýerine salmagynyň uly ähmiýeti bardyr.(Bu hak-hukuklar “Nika” bölüminde beýan edlipdi.)
Pygamberimiz: “Hiç kim öz maşgalasyny ýigrenmesin, çünki, halamadyk häsiýetleri bar bolsa, onuň ýerine halajak häsiýetleri-de bardyr.”(Müslim, Ryda, 18.) diýip, erkegiň öz ýanýoldaşynyň hereketlerini hoşamaý görnüşde garşylamagyny isläpdir.
Adamsy öz ýanýoldaşynyň we eklemeklige jogapkär bolan maşgalanyň beýleki agzalarynyň iýjek, geyjek we beýleki zerurlyklar bilen üpjün etmek üçin halal we rugsat edilen ýollar bilen zähmet çekip gazanmaly, olara haram gazanç iýdirmeli däldir.
Adam öz maşgalasynyň mätäçlikleri üçin çykdajylarynyň öwezine ýörite sogap gazanjakdyr. Pygamberimiz bu mesele barada şeýle diýipdir:
“Allatagalanyň ýoly üçin harçlanan pul, bir guly, hyzmatkäri azatlyga çykarmak üçin berlen pul we maşgala agzalaryna sarp edilen pul ýokmy näme? Ynha, şol pullaryň sogap gazandyranlaryň iň ulusy maşgala üçin sarp edilen pullardyr.”(Müslm, Zekat, 12.)
Maşgalasynyň ýaşaýyş şertlerini, eklenjini ahmal edenler hakynda bolsa pygamberimiz ýörite duýduryş berip, şeýle diýipdir:
“Eklenji üçin zerur bolanlary ahmal etmegi şol adama ahyrynda günä bolup başyndan iner.” (Ebu Dawud, Zekat, 45.)
 “Eklemeklige jogapkär bolan adamlarynyň napagasyny (sarp ediş puluny, çykdajysyny) gysmak şol adama günä bolup girjekdir.” (Müslim, Zekat, 12.)
Erkek özüniň ýanýoldaşynyň dini wezipelerini öwrenmeginde oňa hemaýat etmeli, onuň bu ugurdaky kemçiliklerini düzetmäge çalyşmalydyr.
Zenanalara oňat we hoş niýetli garaýan adam haýyrly adamdyr.
Pygamberimiz şeýle diýipdir:
 “Möminleriň iman taýdan iň kämil bolanlary ahlak babatdan iň oňat bolanlarydyr. Siziň iň peýdalyňyz ýanýoldaşyňyza oňat seredýäni- ňizdir.” (Tirmizi, Ryda, 11.)
Aýal öz adamsyna söýgi bilen baglanmaly, adamsyny gynandyrjak, göwnüne degjek görnüşde hereketler etmeli däldir.
Pygamberimiz şeýle diýipdir:
 “Haýsydyr bir aýal adamsy özünden razy bolan ýagdaýynda aradan çyksa, ol jennete girer.”(Tirmizi, Ryda, 10.)
Aýal tygşytly bolmaly, adamsynyň gazananlaryny isrip etmeli däl, çagalarynyň terbiýesinde adamsynyň kömekçisi bolmalydyr. Aýal öýüne, maşgala ojagyna bagly bolmaly, namysyny gorap saklamaly, maşgalanyň rahatlygyny bozjak, “baş galanyň” ýykylmagyna sebäp boljak hereketlerden gaça durmalydyr.
Adamsyna sarpa goýýan aýallar hakynda pygamberimiz şeýle diýip, buşluk habaryny aýdypdyr:
“Aýal bäş wagtyna namazyna okar, orazasyny tutar, namysyny gorar we adamsyna-da boýun bolup, ylalaşykly ýaşan bolsa, oňa: (halan gapyňdan jennete gir) diýler.”(Et-Tergib, wet-Terhib, j.3, s.52 (Hadysy Ahmet we Taberany aýdypdyr).)
Biri-birine ylalaşykly görnüşde bagly bolan är-aýal maşgalada rahatlyk tapar, ýadawlyklar ýatdan çykarylar.