Baş sahypa« BÄŞINJI BÖLÜM AHLAK » Musulman jomartdyr

Musulman Alla özüne nähili serwet beren bolsa, ol hem munuň bir bölegini garyplara, mätäçlere berip, olaryň kynçylyklaryny aradan aýrar, olaryň göwnüni tapar. Iň ýaramaz häsiýetleriň biri bolan gysgançlykdan, husytlykdan ýüregini saplar. Doganlyk gatnaşyklarynyň güýçlenmegine, jemgyýetçilik ýaraşygyň, ylalaşygyň ýola goýulmagyna goşant goşar.
Allatagala şeýle diýipdir:
“Halan zatlaryňyzdan (Alla ýolunda) harçlamasaňyz, elbetde hakyky ýagşylyga ýetip bilmersiňiz.”  (Al-i Imran, 92)
Pygamberimiz-de şeýle diýipdir:
“Jomart adam Alla ýakyndyr, jennete ýakyndyr, adamlara-da ýakyndyr, jähennemden uzakdyr. Gysganç, husyt adam bolsa Alladan uzakdyr, jennetden uzakdyr, adamlardanam uzakdyr, jähenneme ýakyndyr.
Jomart bolan jahyl adam Allanyň huzurynda ybadata berlen gysgançdan has-da halanýandyr.” (Tirmizi, Birr, 40)