Baş sahypa« BÄŞINJI BÖLÜM AHLAK » Musulman kiçigöwünlidir

Musulman beýleki adamlara göwnü ýetmezçilik etmez, olaryň ýanynda ulumsyramaz. Ulumsyran we göwnüýetmezçilik eden jemgyýetde ýigrenç bilen garşylanar we halanmaz. Munuň ýalylary Allatagala hem halamaz. Allanyň halamaýan, ynsanlaryň ýigrenýän kişisi bolmakdan saklanmalydyrys.
Musulmana gelişýän kiçigöwünli bolmak başga adamlar bilen oňat gatnaşyk etmek bilen, ýigrenji ýüze çykarjak hereketlerden gaça durmakdyr.
Allatagala şeýle diýipdir:  “Adamlary göwnüýetmezçilik edip, olardan ýüz öwürme we gopbamsyrap ýöreme. Özüni hondanbäri tutýan we öwünýän adamy Allatagalanyň halamajakdygyna şübhe ýokdur.”( Lukman, 18)
Pygamberimiz-de şeýle diýipdir:
“Bir adam musulman doganyna kiçigöwünlilik bilen çemeleşse, Allatagala şol adamyň abraýyny ulaldar. Kimde kim musulman doganynyň ýanynda gopbamsyrasa, oňa göwnüýetmezçilik etse, Allatagala ony has kiçelder.” (Et-Tergib wet-Terhib, 5 / 561 (Hadysy Taberany aýdypdyr))
“Şübhesiz, Allatagala maňa siziň kiçigöwünli bolmaklygyňyzy wa- hyý etdi. Hiç kim barlygyna buýsanyp, öwünmesin we hiç kim barlygyna zulum we talaňçylyk etmesin.” (Ibn Maje, Zühd, 23; Ebu Dawud, Edeb, 48)