Baş sahypa« BÄŞINJI BÖLÜM AHLAK » Ruhumyza dogry we sagdyn ynanç ýerleşdirmek.

Ruhumyzyň iň esasy azygy imandyr. Bedenimiz maddy iýmitler we azyklar iýmitlenip güýçlenişi ýaly, ruhumyz-da dogry we sagdyn ynanç bilen güýçlenýändir. Bu ynanjyň aslynda ýatýan zat bolsa bizi we bütin
barlyklary, janly-jandary ýaradan, güýji, gudraty we rehmeti tükeniksiz bo- lan beýik Allatagala we bizi bagtlylyga çagyran onuň ilçisine ynanmakdyr.
Adam hemişe Allatagala mätäçdir. Oňa ynanan adam ruhy azygyny almak bilen uly bir güýç gazanýar, ýüregi aram tapýar. Ynsan ruhunyň isleg-arzuwlary çäksizdir. Ynsanyň bagtlylygy diňe bu arzuwlaryň hasyl bolmagy bilen ýerine salnyp bilner. Bu isleg-arzuwlar hasyl bolmadykça, ruh aram tapmaz, kanagat etmez. Haçanda, aç bolan aşgazan bir topar peýdaly iýmitler bilen doldurlyp, şol açlyk aradan aýrylan halatynda, aşgazan rahatlaýan bolsa, ruhy hem özüniň azygy bolan hakyky iman bilen dolduryp, rahatlatmak mümkindir.