Baş sahypa« BÄŞINJI BÖLÜM AHLAK » Musulman zähmet söýerdir

Dinimiz halal we düzgüne laýyk bolan ýollardan gazanmaklyga buýruk beripdir, ýaltalygy halamandyr.
Beýik Allatagala şeýle diýipdir:
“Dünýädäki nesibiňi-de ýatdan çykarma…” (Kasas, 77)
Pygamberimiz hem:
-    “Siziň iň haýyrlyňyz bu dünýäsi üçin ahyretini, ahyreti üçin-de bu dünýäsini terk etmeýän, ikisi üçinem işleýän, başga adamlara ýük bolmaýanlardyr.” (Ajluni, Keşful-Hafa, j. 2, s.169) diýip, zähmet çekmegiň, işlemegiň ähmiýetini belläpdir.
-    “Iki güni biri-birine deň bolan aldanandyr.” (Ajluni, Keşful-Hafa, j. 2, s. 233) diýip, musulmanlaryň hemişe öňe tarap gitmeginiň, ösmeginiň zerurdygyny beýan edipdir.