Baş sahypa« Yslamy öwreniş gollanmasy » Şözbaşy

Yslam dininiň kada-kanunlarynyň we esasy düzgünleriniň öwrenilmeginiň asyl maksady ynsanlaryň bu dünýäde we ahyretde bagtly bolmagyny ýola goýmakdan ybaratdyr. Bu bagta ýetip bilmegimiz bolsa jogapkärçilikli bolan wezipelerimizi ýerine ýetirmegimize baglydyr. Muňa haçanda biz dogry we ýeterlik derejede dini bilime eýe bolan halatymyzda ýetip bileris. "Bilmezlige” welin dinimiz geçirimlilik etmez. Geldi-geçerligi öňüne tutan bolsa-da ynsan öz jogapkärçiliginden asla gaçyp bilmez. Çünki, ilkinji buýrugyny "oka” diýip başlaýan dinimiz ylym öwrenmegi her bir musulman üçin ýörite parz edipdir. Şol sebäpli musulmanyň turuwbaşdan ýerine ýetirmeli wezipeleriniň biri bolsa din hem-de dünýä babatda zerur bolan esasy kada-kanunlary dogry görnüşde öwrenmegidir. Dini wezipelerimiz: ilki bilen ynanmak, soňra bolsa şol ynanjymyzyň zerurlygy bolan ybadatlary ýerine ýetirmekdir. Dini buýruklary ýerine ýetirmeklige jogapkär bolşumyz ýaly, haram edilen zatlardan-da gaça durmagymyz hökmanydyr. Bulardan başga-da maşgalamyzyň, içinde ýaşa-ýan jemgyýetimiziň hem-de beýleki ynsanlaryň öňünde-de jogapkärçili-gimiz we ýerine ýetirmeli ahlak wezipelerimiz bardyr. Yslamda esasy orny bolan ahlak wezipelerimizi ýerine ýetiren halatymyzda sözüň doly manysyndaky hakyky bir musulman bolup bileris.  Ylahy dinleriň iň soňkusy we iň kämili bolan yslamyň buýruklarydyr. Gadagan eden zatlaryna üns berip göz gezdiren wagtymyzda olaryň her birinde ummasyz maddy hem-de ruhy hikmetleriň bardygyny we olarda ynsanyň eşretidir parahatçylygynyň göz öňünde tutulandygyny görüp bilýäris. Musulmana ýeteni: dini wezipelerini dogry şekilde öwrenmek we olary Allanyň razylygyny gazanmagy mynasyp şekilde ýerine ýetirmäge synanyşmakdyr. Munuň öwezi bolsa beýik Rabbymyzyň keramatly Gurhany Keriminde buşluk berýän ebedi eşretli habarydyr: "Iman edip, ilhalar işleri ýerine ýetirýänlere bolsa içinden der-ýalar akýan jennetler bardyr. Ynha, iň uly halas bolma sepgidi şudur.” (Buruj, 11)

Bu kitapda dinimiziň ynanç esaslary ybadatlary giňişleýin görnüşinde düşündirilendir, musulmanlaryň gaça durmagy zerur bolan haramlar we günäler hakynda gerekli maglumatlar berlendir. Dinimiziň buýrukdyr, gadagan edilen zatlarynyň ýene bir maksady-da musulmany hakyky ahlak eýesi edip, ony bu ugurda has-da kämilleşdirmekdir. Şol sebäpli iman we ybadatlar bilen örän ysnyşykly hem-de aýrylmaz baglanyşykly bolan ahlak meselesine hem aýratyn orun berlendir. Ahlagyň ähmiýeti we ahlak wezipelerimiz aýatlardyr hadyslaryň nusgasynda gysgaça düşündirilip, pygamberimiziň edep-ekramdan doly ýaşaýşy we ilhalar ahlagyndan nusgalar hödürlenendir. Ynamly çeşmelerden peýdalanylyp taýýarlanylan "Yslamy öwreniş gollanmasy” ("İslam ilmihali”) her kimiň aňsatlyk bilen düşünip biljek sada dilinde ýazylandyr, dini adalgalar, mümkin boldugyça, has ýönekeýleşdirilendir. Höweseklere hem-de ylmy derňew geçirmek isleýänlere aňsat bolmaklygy üçin aýatlaryň süreleri we olaryň nomerleri bilen bilelik-de hadyslaryň çeşmeleri ýörite çykgytda görkezilendir. Mundan başga ähmiýetli we ünsi çekiji mowzuglardyr käbir meselelerde beýleki messepleriň görnüşleride çykgytda ýerleşdirilendir. Her bir musulmanyň öwrenmegi zerur bolan dini kada-kanunlarynyň we öz pudagynda möhüm mätäçligiň öwezini ödejekdigini umyt eden bu kitabymyzyň din doganlarymyza peýdaly bolmagyny dileg edip, säwliklerimiziň bagyşlanmagy üçin bolsa Jenab-y magfiret okyjylarymyzdan sorarys.  Biziň wezipämiz ýagşy niýet bilen yhlasly işlemekdir. Üstünlige ýetirýän bolsa diňe Alladyr… 

Lütfi Şentürk, Seýfettin Ýazyjy.