Baş sahypa« DÖRDÜNJI BÖLÜM GÜNÄLER » 15. Şugulçylyk (gepçi, gep gezdiren)

Dinimiz bütin musulmanlary dogan edipdir we doganlyga zeper ýetirjek her bir zady-da gadagan edipdir. Doganlyga zyýan beren ýaramaz häsiýetleriň biri-de gep gezdiren şugulçylykdyr. Arap dilinde muňa “nemime”, ony eden adama “nemmam” diýilýär. Şugulçylyk adamlarynyň biri-biri bilen arasyny bozmak üçin gep alyp, gep bermekdir. Bu gaty ýaramaz häsiýetdir, musulmana asla gelişmez. Munuň ýaly gep gezdirmek adamlaryň biri-biri bilen gatnaşygyny bozýandyr. Başgaça aýdylanda, dogany dogana duşman eder. Kaka bilen perzendiň arasyny açar, äri bilen aýalyndan aýrar. Uly pitneleriň döremegine sebäp bolar. Musulmanyň wezipesi öýkelänleri ýaraşdyryp, aratapyjylyk etmekdir. Tersine, birinden gep alyp, beýlekä gep bermek, adamlary biri-birine duşman etmek bolmaly däldir. Gepçiler, şugullar heniz gördekäler Allatagalanyň güýçli azabyna duçar boljakdyrlar.  Ibn Abbas (Alla olardan razy bolsun!) şeýle diýipdir: Pygamberimiz iki sany mazaryň ýanyndan geçen wagty: “Bu mazarlarda ýatanlar azap görýärler, ejir çekýärler. Özem o diýen uly zat üçin däldir”-diýdi. 

Soňra sözüni dowam etdirip, “Hawa, olar muny ýönekeý zat hasaplaýardylar, emma muňa garamazdan, günäleri welin diýseň uludy. Olaryň biri peşewinden arassalanmazdy, beýlekisi bolsa, hemişe gep alyp gep beren şuguldy”-diýdi.”(Buhary, Jenaiz, 89; Müslim, Tahare,111)Beýleki bir hadysda-da şeýle diýlipdir:

“Ara bozmak üçin gep alyp, gep beren adam jennete girmez.”( Buhary, Edep, 50; Müslim, Iman, 45) Pygamberimiz egindeşlerinden biri hakynda gürrüň edilmegini halamazdy we şeýle diýerdi: “Egindeşlerimiň hiç biri beýlekisi hakynda halanmajak sözleri, gep-gürrüňleri maňa getirmesin. Sebäbi men siziň hemmäňize tüýs ýürekden we hoşamaý göwünden turmaklygy isleýärin.”(Ebu Dawut Edep, 33) Ikiýüzlülik musulman üçin gaty ýaramaz häsiýetleriň biridir:

“Şübhesiz, adamlaryň iň ýaramaz bolanlary-da ikiýüzli adamlardyr, olar birine bir ýüz bilen, beýleki birine-de başga bir ýüz bilen bararlar.” (Buhary, Jenaiz, 82; Edeb, 49) Bu mesele bilen baglanyşykly mukaddes Gurhanda şeýle diýilýär:

“Ant içip, awy ýalaýan, ýaramaz, hemişe şer gözleýän we mydama gep gezdirýäne boýun egme.”(Kalem, 10-11)