Baş sahypa« DÖRDÜNJI BÖLÜM GÜNÄLER » Günä düşünjesi we manysy

Günä munuň özi dinde jenaýat hasap edilen, Allatagalanyň buýruklaryna garşy bolan iş we söz diýmekdir. Allatagala mukaddes Gurhanda: “Zyna işe ýakynlaşmaň, çünki ol bir haýasyzlykdyr we ýaramaz ýoldur.”(Isra, 31.) diýilýär we aralarynda nika baglanyşygy bolmaýan aýal we erkegiň jynsy gatnaşygyny gadagan edýär. Allatagalanyň bu gadagan eden zadyna boýun egmän, aralarynda nika bagy bolmaýan erkek we aýalyň zyna diýilýän jynsy gatnaşygy günädir we jenaýatdyr. Ýene Allatagala: “Namazy okaň, zekaty beriň”(Bakara, 110) diýip, biri bedeni, beýlekisi mal we pul bilen baglanyşykly bolan iki sany ybadat üçin ýörite buýruk berýär.  Musulman bolan her bir adamyň namazyny okamazlygy, barly bolanyň-da zekatyny bermezligi hem şonuň ýaly günädir, dini babatdan jenaýatdyr. Bu iki nusgadan-da şeýle netije gelip çykýar: Jenaby Hakyň buýruk beren zadyny berjaý etmezlik, şonuň ýaly-da onuň gadagan eden zatlary etmek günädir. Allatagalanyň buýruklaryna garşy bolan her bir iş ýa-da her bir söz günädir, şunuň bir hatarda, mukaddes Gurhanda we pygamberimiziň hadyslarynda günäleriň görnüşleri iki topara bölünýär: uly we kiçi günäler. Uly günä “kebire” (köplügi “kebair”), kiçi günä bolsa “sagire” (köplügi “segair”) görnüşde beýan edilýär. Mukaddes Gurhanda şeýle diýilýär:

“Eger siz gadagan edilen uly günäleriňizden saklansaňyz, onda kiçi günäleriňizde geçirimlilik ederis we sizi abraýly bir ýere ýerleşdireris.”(Nisa, 31) Başga bir keremli aýatda bolsa: “Ownuk-uşak kemçiliklerden beýleki uly günälerden ýa-da ýaramaz zatlardan saklananlar babatda aýdylanda bolsa, şübhesiz Rabbynyň günäde geçirimliligi has-da köpdür” diýilýär. (Nejm, 32) Käbir alymlara görä, Allatagala adam öldürmekligi we zyna etmekligi jeza hasaplaýar, bu işleri edenlere jähennemde azap etjekdigini aýdýar, munuň ýaly günä uly günädir. (Şerhul-Makasid, j.2, s.175–176) Din alymy Ibn Kesir munuň uly günä hakynda berlen iň oňat kesgitlemedir diýip belleýär.(Ibn Kesir Tefsiri, j.1, s.487) Başga bir topar din alymlary bolsa uly günäleri pygamberimiziň bu babatdaky hadyslaryna esaslanyp kesgitleýärler, ondan beýleki günäleriň hem kiçi günädigini beýan edýärler. Abdylla Ibn Abbas (r. a.) gaýtmyşym diýip, toba edilen halatynda, onda uly günäniň galmajakdygyny, günä meselesinde bir depen ýeriňiz depip durmagyň netijesinde kiçi günäniň hem uly günä ýazyp biljekdigini ýörite belläpdir. (Ibn Kesir Tefsiri, j. 1, s. 486.) Şoňa görä, kiçi günä yzygiderli ýerine ýetirilen halatynda, onda ol kiçiligiň çygryndan çykar we ula ýazar. Şonuň üçin musulman uly bolsun, kiçi bolsun, tapawudy ýok, günäni kime garşy edýändigi hakynda oýlanyp, bütin günälerden saklanmalydyr. Kim bolsa, şol bolsun, diňe pygamberlerden başga hiç kim günä boýunça penäkärlige alnan däldir, şonuň üçin her kim günä edip biler.  Pygamberlerde zerur bolmaly sypatlaryň biri-de “ismet” aýratynlygydyr, başgaça aýdylanda, günä etmekde penakärlige alnan diýmekdir.  Uly ýa-da kiçi tapawudy ýok, günä eden günäkärdir, ýöne dinden çykan hasaplanylmaýar. Çünki aýat we hadyslar uly günäkärleriňde musulman bolandygyny görkezýär. Bu babatda külli sünnet alymlarynyň arasynda tapawutly garaýyş ýokdur. Uly günä edenler hem pygamberimizden başlap häzirki wagta çenli musulman amallaryny görüpdirler.