Baş sahypa« DÖRDÜNJI BÖLÜM GÜNÄLER » Gurrandazlyk we palçylyk

Bilgiçlik, gurrandazlyk geljek zamanda boljak zatlary öňünden bilmek, habar bermek diýmekdir. Şunuň ýaly işler bilen meşgul bolýana we habarlaryna ynanylýan adama “bilgiç”, “gurrandaz” (kahin) diýilýär. Adamzat taryhyň her bir döwründe we her bir jemgyýetde geljege degişli bolan dürli wakalary, hadysalary öňünden öwrenmek, bilmek is-läpdir. Bilgiçlik, gurrandazlyk we palçylyk bolsa ynha şeýle isleglere jogap hökmünde ýüze çykypdyr.  Dinimiz dürli görnüşli we asly bolmaýan ynançlara garşy göreşýän döwründe gurrandazlyk we palçylyk ýaly ugurlara garşy göreşmegi-de  unutmandyr. Sebäbi gurrandaz we palçy geljekde bolup geçjek wakalardan habar bermek üçin ýüze çykan öz bähbitleri üçin hallan atýanlardyr. Bilýän diýip beýan edýän zatlary gaýyp maglumatlarydyr. Muny bolsa diňe Allatagaladan başga hiç kim bilmez. Bu barada mukaddes Gurhanda şeýle diýilýär:

“Gaýyp zatlaryň açarlary Allatagalanyň ýanyndadyr. Şoňa görä gaýyby diňe ol biler…”(Enam, 59)

“Şeýle diýip aýt: Asmanda we ýerde gayyby diňe Allatagaladan başga hiç kim bilmez.” (Neml, 65)

“(Eý, Muhammet!) Şeýle diýip aýt: Men size Allatagalanyň hazynasy ýanymdadyr diýmeýärin, gaýyby bilmeýärin, size men bir melekdirin hem diýmeýärin. Men özüme iberilen Gurhandan başgasyna boýun bolmaryn…” (Enam, 50)

Kyýamatyň haçan gopjakdygy baradaky soraga pygamberimiz:

“Bu meselede sorag berlen sorag berenden artyk bilimli däldir”(Buhary, Iman, 37) diýip anyk jogap beripdir.

Bularyň barynyň netijesi şuňa syrygýar, bilgiçleriň, palçylaryň bilýän diýip gaýypdan aýdan zatlaryny Allatagaladan başga hiç kim bilmez. Şonuň üçinem dinimiz bilgije, palça gidip geljege degişli maglumat öwrenmekligi gadagan edipdir.

Pygamberimiz bu meselede şeýle diýipdir:

“Kim palça ýa-da gurrandaza gidip, bir zat sorap, soňundan-da onuň aýdanlaryny dogry diýip tapsa we tassyk etse, onda şol adam Muhammede (sallallahu aleýhi we selleme) iberileni inkär eden hasaplanar.” (Et-Tergib, wet-Terhib, j.4, s.34 (Hadysy Bezzar aýdypdyr))

“Kimde-kim gurrandaza (ýiten we ogurlanan zadyna gurra atdyrmak üçin) gidip, ondan bir zat sorasa, soňunda onuň aýdanlaryny kabul edip, tassyklasa, onda şol adamyň kyrk günlük namazy kabul bolmaz.” ( Müslim, Selam, 35)

Palçylyk hem gurrandazlyk ýaly geljek, geljekde bolup geçjek wakalar hakynda habar bermekligiň bir görnüşidir. Şonuň üçinem dinimiz tarapyndan gadagan edilendir we günä hasaplanylýandyr.

Yslam dinden öň araplaryň “ezlam” diýilýän pal oklary (“atmak” sözi-de pal okuny atmak bilen baglanyşyklydyr) bilen pal atmak ýörgünli bolupdyr. 

Şol oklar üç bölekdi. Şolaryň birine “et”, beýlekisine “etme” ýazylyp, üçünjisinde bolsa boş, ýazgy ýok eken. Bir işi etmekçi bolýan adam ýa-da ýola çykmak isleýän ýolagçy öz maksadynyň amala aşyp aşmajakdygyny bilmek üçin şol oklardan peýdalanar eken. Oky çekende “et” diýlen ýazgy çyksa, göz öňünde tutan işini, sapary dowam ederdi, “etme” diýen ýazgy çyksa, onda goýbolsun ederdi. Eger boş çyksa, onda tä ýazgyly oklaryň biri çykýança dowam ederdi. 

Yslam dini gelenden soňra asly bolmaýan ähli hyýaly düşünjeleriň gadagan edilişi ýaly, bular hem gadagan edilipdi we şeýtan oýny hökmünde beýan edilipdi.(Maide, 90)

 Gadagan edilen diňe bir “ezlam” diýen oklar bilen pal atmak däl, eýsem häzirki wagtda ýyldyz, kofe, gumalak, oýun kartlary ýaly serişdeler bilen edilen palçylyk hem günä bolandygy üçin olara ynanmak hem günädir.