Baş sahypa« DÖRDÜNJI BÖLÜM GÜNÄLER » 16. Oslamak, çen-çak etmek (Su-i zan)

Allatagala mukaddes Gurhanda şeýle diýipdir:

“Aňyrsyna göz ýetirmedik bir zadyň yzyna düşme.”(Isra,36) Bu aýat örän ähmiýetli bolan bir meselä üsümizi çekýär, anyk bilmedik zadymyz we tanamadyk adamymyz hakynda gep gezdirmegimizi, ýaman niýetli gürrüň etmegimizi, oslap, çen-çak etmegimizi gadagan edýär. Sebäbi adamyň eşiden zatlarynyň köpüsi ýalan, bir bölegi öýke-kinäniň we maksadyň miwesi bolup biler. Şonuň üçin anyk zada, ýörite tutaryga esaslanmaýan gep-gürrüňden saklanmak gerek. Aslynda mömin her bir zada örän ünsli we seresaply çemeleşmelidir. Bu hakda pygamberimiz:

“Her bir eşiden zadyňy aýdyp ýörmek ahyrynda adamlara ýalan bolup ýeter”(Müslim, Iman, 3) diýipdir.  Anyk bilmedik zadymyzy aýdyp, soňunda-da onuň aýdyşymyz ýaly bolmadyk ýagdaýynda çykgynsyz ýagdaýa düşeris, biz şeýlemikä öýtdük diýmäge mejbur bolarys. Heniz anyklanylmadyk, çala eşidip, çatma ýykyp, din doganymyzy ýaramaz hasaplasak we ol hakda ýalňyş netije çykarsak, uly we ýerliksiz nähaklyk ederis. Hiç kimiň hereketleri ýa-da bolşundan ugur alyp, şübhelenip, şeýle bolaýmasyn diýip netije çykarmaly däldiris. Itban b. Mälik (r.a.) şeýle diýýär: Men kowmum beni Salyma namaz okadardym. Olar bilen aramyzda bir ýap bardy. Ýagyş ýagan wagty olaryň metjidine gitmek gaty kyn bolýardy. Şonuň üçin pygamberimize gidip:“Eý Allanyň resuly, gözlerim küteldi, ýagyş ýagan wagty aramyz-da bolan ýap akýar, şonuň üçin metjide geçmek kyn bolýar. Maňa gelip öýümde bir namaz okat-da, şol ýerini namaz ýeri etsem we şol ýerde-de namaz okatsam diýýän-diýip haýyş etdim. Pygamberimiz (Bedir söweşine gatnaşan bu adamyň göwnüni almak üçin): “Enşalla, muny ederin”- diýdi. Ertir irden pygamberimiz bilen Ebu Bekir gün ýokary galan wagty meniň ýanyma geldiler. Pygamberimizöýüme girmek üçin rugsat sorady, höwes bilen içerik aldym. Öýe girip, düşekde oturman: “Nirede namaz okamagymy isleýärsiň?-diýdi. Oňa namaz okamaly ýeri görkezdim. Pygamberimiz derrew namaza durdy. Biz-de onuň yzynda sap tutduk. Iki rekagat okadyp, salam berdi, bizem salam berdik. Özi üçin ýörite taýýarlanan içýag bilen bişirilen unaşy hödür etdik. Ilat pygamberimiziň öýümize gelendigini eşidip, hatar gurap geldiler. Şonda adamlaryň biri (Mälik b.ed-Duhşumy göz öňünde tutup): “-Mälik nirede?- diýip sorady. Şol ýerdäkileriň biri: “Ol Allany we pygamberini halamaýan bir ikiýüzlüdir”-diýdi.  Bu sözleri eşiden pygamberimiz: “-Beýle diýme, görmeýärmiň, ol Allanyň razylygy üçin “La ilahe illallah” diýýär- diýdi. Şonda şol adam:

-“Alla we onuň pygamberi gowusyny bilýändir, ýöne biz Allatagalanyň öňünde söz berýäris, ýagny Mäligiň ikiýüzlüleri halaýandygyny we olar bilen gepleşýändigini görýäris” diýdi. Onda pygamberimiz:

-“Allatagalanyň razylygyny gözegçilik edip, “La ilahe illalah” diýen adama Allatagala jähennemi haram edendir” diýipdir (anyk maglumata ýa-da tutaryga esaslanmaýan zadyň ýalňyş boljakdygyny beýan edipdir) (Müslim, Mesajid, 47) Allatagala mukaddes Gurhanda:

“Eý möminler, çaklamaň, zannyň, çalalygyň köpünden saklanyň, çünki çen-çakyň käbiri bardyr welin ahyry günädir.”(Hujurat, 12.) diýipdir.  Pygamberimiz hem şeýle diýipdip:

“Çen-çak etmekden, oslap-toslamakdan gaça duruň, çünki oslama munuň özi sözleriň barypýatan ýalanydyr.”(Buhary, Edep, 58; Müslim, Birr, 9)

Ýokardaky aýat oslamakdan, çen-çak etmekden gaça durmagymyzy talap edýär we hiç kimiň gizlin ýagdaýlaryny, aýypdyr kemçiliklerini derňew etmekligimizi maslahat berýär. Başga adamlaryň kemçiliklerini derňew edenleriň gizlin ýagdaýlaryny Allatagala ýüze çykarar. Bu barada pygamberimiz şeýle diýipdir: “Musulmanlaryň aýyplaryny derňemäň. Her kim musulmanlaryň aýyplaryny, kemçiliklerini derňese, Allatagala-da onuň aýbyny derňäp, hut öz öýüniň içinde-de bolsa ony masgara, ryswa eder.”(Tirmizi, Birr, 83.) Rowaýatda aýdylyşyna görä, hezreti Omar halyfa wagtyndaka Medinede gije barlag üçin gezer eken. Bir gije barlag edip ýörkä, bir öýüň içinde aýdym aýdýan adamyň sesini eşidipdir. Haýatdan aşyp, howla giripdir we şol öýe barypdyr. Görse, şol aýdym aýdýan adamyň ýanynda bir zenana we bir çüýşe-de şerap bar eken. Şol adama garap:

-“Eý Allanyň duşmany, seniň edýän günäňi Allatagala geçirer öýdýärmiň?-diýipdir.

- “Gaty gyssanmaň, eý möminleriň emiri! Men bir günä eden bolsam, sen üç sany meselede günä etdiň. Allatagala: “Aýyplary derňemäň!”- diýýär, sen nätdiň, sen gizlinligi, pynhanlygy derňew etdiň. Allatagala: “Öýlere gapylardan giriň!”(Bakara, 189)-diýýär, sen nätdiň, sen haýatdan aşyp girdiň. Allatagala: “Öz öýüňizden başga öýe baranyňyzda geleniňizi duýduryň we öý halkyna salam bermän girmäň”( Nur, 27) diýýär, sen nätdiň, sen meniň öýüme duýdurman hem-de rugsat alman girdiň”-diýipdir. Muny eşiden hezreti Omar:

-“O nähili, häzir sizi bagyşlasam, siz-de meni bagyşlarsyńyzmy? Toba hem edermisińiz? –diýipdir-de, edil gelşi ýaly yzyna çykyp gidipdir. (Suýuty, Ed-Dürrül-Mensur, j.6, s.93) Görnüşi ýaly, oslamak, çaklamak we din doganynyň gizlin syrlarynyny, aýyplaryny, kemçiliklerini derňemek dinimizde gadagandyr we günä işdir. Şonuň ýaly günä iş eden adam bu günäden halas bolmak üçin hem toba etmeli hem-de oslaýan, çaklaýan adamyndan ötünç sorap halallaşmalydyr.

Oslagyň, çakyň hemmesi günä däldir. “Hüsnü zan” (ýagşylyga ýorlan çaklama, ýagşy niýetli oslama) diýilýän muňa bir nusgadyr. Pygamberimiz:

“Siziň biriňiz Allatagala ýagşy niýetli çaklama (hüsnü zan) etmezden ölmesin”(Müslim, Jennet, 19) diýip ýörite belläp geçipdir. “Hüsnü zan” (ýagşylyga ýorlan çaklama, ýagşy niýetli oslama) edýän adamymyz çaklaýşymyz ýaly bolup çykmasa, biziň bu babatda ýörite jogapkärçiligimiz ýokdur. Çünki biz anyk bilmedik zadymyz hakynda diňe “ýagşy niýet ýarym döwlet” düşünjesine görä hereket edip bileris. Tersine, ýaman göz bilen garajak bolsak, onda Allatagalanyň buýruklaryna garşy çykdygymyz we günä iş etdigimiz bolardy. Musulmana “kapyr” diýilmez Iman – ynanylmaly zatlary tüýs ýürekden tassyklamakdyr. Dil bilen ygrar, ýagny dil bilen beýan etmek ýürekdäki imanyň görkezgijidir. Tüýs ýüregi bilen ynanan we ynanjyny-da dili bilen beýan eden adam musulmandyr, mömindir. Ynanç esaslaryny inkär etmedik halatynda şol adama “kapyr” diýilmez. Ynanan bir adamyň ynanjynyň esasy hökmünde Allanyň buýruklaryny berjaý etmegi we gadagan eden zatlaryndan saklanmagy zerurdyr. Ýöne dini talaplary gowşak görmek, ýönekeý hasaplamak, haramlary halal öýtmek ýaly bir düşünje bilen däl-de, nebsiňe uýmak we ýaltalyk sebäpli buýruklary berjaý etmeýän we gadagan edilenleri amal eden adam borjuny ýerine salmandygy üçin günäkär bolar, ýöne dinden çykmaz. Munuň ýaly adama “kapyr” diýilmez. Ol adam mömindir. Allatagala mukaddes Gurhanda şeýle diýipdir:

“Eý, iman edenler! Hakyky we tüýs ýürekden edilen toba bilen  Allatagala tarap öwrüliň. Çaklanyşyna görä, Rabbyňyz siziň ýaramazlyklaryňyzy basyryp, geçirimlilik eder.”(Tahrim, 8)Beýik Rabbyňyz günä eden gullaryna mömin diýip ýüzlenip, olary toba etmeklige çagyrýan wagtynda bir musulman beýleki bir musulmana günä edendigi sebäpli nädip “kapyr” diýip biler ahyry?! Bir musulman özüniň din doganyny ýoldan çykan ýa-da kapyr diýip günäkärläp bilmez. Munuň ýaly hereket musulmana asla gelişmez. Şunuň ýaly hereketiň ýaramaz we howply netijesini “Sahihi Buharyda” ýerleşdirilen hadysdan-da doly göz ýetirýäris.

 Ebu Zeriň (r.a.) dilinden rowaýat edilen hadysda pygamberimiz şeýle diýipdir:

“Hiç kim başga bir adama ýoldan çykan, azgyn diýip aýdyp bilmez, “kapyr” diýip bilmez. Eger ýoldan çykan, azgyn diýen adamy beýle däl bolup çyksa, “kapyr” diýen adamy kapyr bolman çyksa, onda bu häsiýetleriň bary muny aýdan adama siňer.” (Buhary, Edeb, 44) Bu ýagdaý başga bir hadysda şeýle görnüşde beýan edilipdir:

“Bir adam özüniň din doganyna “kapyr” diýse, onda bu söz olaryň ikisinden birine geçer.” (Buhary, Edeb, 73; Müslim, Iman, 26) Başgaça aýdylanda, bir musulman din doganyny ýoldan çykan, azgyn ýa-da “kapyr” diýip günäkärlese, ýöňkelýän adam hakykatdan hem şeýle bolaýsa-da, muny diýmek, günäkärlemek ýerlikli däldir. Eger tersine bolaýsa, onda söz yzyna gaýdar, mahlasy, aýdan adamyň özi ýoldan çykan, azgyn ýa-da “kapyr” bolar. Munuň sebäbi şeýledir, ol aýdan sözi bilen bir möminiň kapyrdygyna güwä geçendir. Güwälik eden adamy aslynda kapyr däl bolsa, özüniň  aýbyny açyp görkezdigidir. (Umdedül-Kaary, j.22, s.157)Şunuň ýaly günäkärleme bolsa, bir musulmanyň öz-özüne eden iň uly ýamanlygy bolar.  Bu mesele barada başga bir hadysda şeýle diýilýär:

“Kmdir biri bir adama: “Eý, kapyr ýa-da Allanyň duşmany!” diýse, şol adam hem onuň aýdyşy ýaly bolup çykmasa, şol sözler sözleýjiniň öz häsiýetine öwrüler, özüne degişli bolar.”(Riyazüs-Salihin, j.3, s.259) Şonuň üçin bu ýerde musulmanyň etmeli işi şudur, başga adamlarda gören ýaramaz häsiýetlerini gören ýerinde ýaýradyp ýörmän, eýsem tersine, olara bu babatda maslahat bermek, onuň düzedilmegi üçin elinden gelen kömegi, duýduryşdyr, nesihaty bermek bolmalydyr. Bir musulmana “kapyr” diýmek düzeldilmegi kyn bolan ýalňyşlyklaryň biridir. Sebäbi, munuň özi başga biriniň kapyr bolmagyna razyçylyk bermek diýmekdir, beýle ýagdaý bilen musulman asla ylalaşyp bilmez. Şoňa görä, bir musulmanyň kapyrdygyna güwä geçmek bolsa gaty kyndyr. Gepiň tümmek ýeri şeýledir, bir adamyň kapyr bolandygyny görkezýän birnäçe ähtimallyklar bilen bir hatarda onuň kapyr däldigi barada hem şonça deliller bar bolsa, onda onuň kapyr däldigi baradaky düşünje saýlanyp alynmalydyr.(Dürer, j.1, s.324.) Hatda bir adamda bar bolan ýüz ähtimallykdan togsan dokuzy kapyr bolandygyny, diňe bir ähtimallygy-da kapyr däldigini görkezýän bolsa, ýene şol adamyň musulmandygy barada karara gelinmelidir.(Alyýýül-Kaary, Şerhül-Ekber, s.296) Bir adamyň berjaý eden ybadatlary özüni nusga görkezjek bolmagy-da gaty bir dogry däldir.

 Bu hakynda mukaddes Gurhanda şeýle diýilýär:

“Özüňizi o diýen aklajak bolmaň, çünki ol (Allatagala) ýaramazlykdan saklanany has oňat bilýändir.”( Nejm, 32.) Pygamberimiz hem bu barada şeýle belläp geçipdir:

“Bir adam: “Walla, jenaby Hak pylan adamy asla bagyşlamaz”-di-ýipdir. Şonda eziz we jelil bolan Allatagala: “Pylan adamy bagyşlamajakdygyma kim güwä geçip biler?! Hakykatdan hem şol adamy bagyşlaryn, seniň amalyňada sogap bermerin.”-diýipdir.(Müslim, Birr, 137) Başga adamlary ýamanlamak, olaryň kemçiliklerini we ýalňyşlyklaryny ýüze çykaryp, özüňi aklamak dogry däldir. Şonuň ýaly-da Allatagalanyň kimi bagyşlajakdygy ýa-da kimi bagyşlamajakdygy barada karar berip, netije çykarmagada hiç kimiň haky ýokdur. Musulman başga adamlaryň kemçilikleri bilen meşgul bolmaly däldir, öz kemçiligini we aýbyny düzetmäge çalyşmalydyr.