Baş sahypa« DÖRDÜNJI BÖLÜM GÜNÄLER » Toba

Toba sözlükde gaýtmyşym etmek, yzyna gaýtmak, gaýdyp almak diýmekdir. Dini däp-dessurlarda bolsa, edilen bir günä işe puşman bolup, indiki gezek etmejekdigi barada Allatagala söz bermek we ondan ötünç soramakdyr, geçirimliligi dileg etmekdir.

Toba jenaby Hakyň gullary bolan bize geçirimliligidir. Eden günälerimizden halas bolmaklygyň ýoludyr. Ynsanyň eden günäsi üçin toba gapysy açyk goýlandyr. Pygamberlerden başga hiç kim dürslüge eýe bolan däldir, her bir adam günä iş edip biler. Bu barada pygamberimiz:

“Adam oglunyň hemmesi günä iş edip biler. Günä edenleriň iň haýyrlysy bolsa toba edenlerdir.” diýip, ynsanyň hatasyz bolmajakdygyny beýan edipdir.”(Ibn Maje, Zühd, 30) Adamyň hatasynyň, ýalňyşynyň köp bolmagy ony umytdan gaçyrmaly däldir, eden günälerinden puşman bolup, Allatagala ýüz tutmak, ýalbarmak, toba etmek bilen öz tobasynyň jenaby Hak tarapyndan kabul boljakdygyna ynanmaly we günäsiniň bagyşlanjakdygy bilmelidir.

Bu hakynda mukaddes Gurhanda şeýle diýilýär:

“Allatagala öz gullarynyň tobasyny kabul eden, ýaramazlyklary bagyşlaýan we eden işleriňizi bilendir.”(Ibn Maje, Zühd, 30) Toba Allatagalanyň emridir, buýrugydyr. Eden günälerimiz üçin toba etmekligimizi jenaby Hak buýruk berýär.

Mukaddes Gurhanda şeýle diýilýär:

“Eý, möminler, Allatagala toba ediň, şonda siz bagty we halas bolmaklygyň ýoluny taparsyňyz.” (Nur, 31)

“Eý, iman edenler, gaýdyp ýene bir gezek asla etmerin görnüşinde toba ediň.” (Tahrym, 8) Pygamberimiz hem:

“Eý, adamlar! Allatagala toba ediň we ondan ötünç soraň, geçirimlilik diläň, men her gün ýüz sapar toba edýärin.” (Müslim, Zikr, 12) diýipdir. Musulmanyň ahyrky demindäki tobasynyň hem kabul boljakdygy aýdylsa-da, tobany gaty gijikdirmek hem dogry hasaplanmaýar. Hatanyň, ýalňyşyň, günäniň derrew yzysüre toba etmeli, jenaby Hakyň tükeniksiz geçirimliligine sygynmalydyr. Bu hakynda mukaddes Gurhanda:

“Allatagalanyň kabul etjek tobasy diňe bilmän ýaramazlykdyr ýalňyşlyk edip, soňra-da yzýany bilen toba edenleriň tobasydyr, ynha Allatagala bularyň tobasyny kabul eder. Allatagala her bir zady bilendir, ol hikmetleriň eýesidir. Bolmasa, ýaramazlyk we günä baryny edip, yzyndan-da ömrüniň ahyry golaý gelende: “Men indi toba etdim” diýen we kapyr görnüşde ölenler üçin (kabul ediljek) toba ýokdur. Olar üçin ajy we agyr azap taýýarlanylandyr.” (Nisa, 17-18)diýilýär.  Mübärek aýatlardan gelip çıkan netije şudur: Jan çykmaka, entek ýaşamakdan umydyny kesmänkä ýamanlyklardan toba edip, iman etmek ýerliklidir. Ỳöne jan çykjak wakty, ýaşamakdan umydyny kesen adamyń ýamanlyklardan toba edip, iman etmesi ýerlikli däldir. İman edeninden sońra ýagşy işleri ýerine ýetirjek wakty bolmalydyr.

Ỳöne günäkär musulmanyń sońky demindäki tobasy ýerlikli bolup biler. Çünki Allanyń rehmetinden umyt kesilmez. Günäler iki bölekdir. Onuň bir görnüşi içgi ýaly diňe Allatagala garşy bolup, gul haky bilen baglanyşygy bolmaýan günälerdir. Şunuň ýaly günälerden halas bolmak üçin toba etmekligiň üç şerti bardyr:

1. Günäni terk etmek, taşlamak.

 2. Edeniňe puşman bolmak.

3. Gaýdyp etmezlige karar bermek.

Beýleki bir görnüşi bolsa para-peşgeş almak, töhmet atmak ýaly ynsan hak-hukuklary bilen baglanyşykly bolan günälerdir. Munuň ýaly günälerden halas bolmak üçin toba etmeklegiň ýokardaky şertlerine goşuljak ýene bir nepil şerti bardyr, ol hem hak eýesine hakyny bermekdir, onuň bilen halallaşmakdyr. Şeýlelikde, şertlerine boýun egip, günälerine toba eden adamyň tobasy kabul bolar we jenaby Hak şol adamy bagyşlar hem-de toba edendigi üçin ondan razy bolar. Bu barada pygamberimiz şeýle diýip belläpdir:

“Gulunyň tobasy sebäpli Allatagalanyň begenji şuňa meňzeşräkdir, ýagny siziň biriňiz giden ymgyr çölde düýäňizi ýitirip, entäp-entäp ahyr soňunda taparsyńyza, ana şondan-da has artykdyr.” (Buhary, Dewat, 4; Müslim, Tewbe, 1) Allatagala tobasyny kabul eden adamynyň günälerini bagyşlar, ýaramazlyklaryny-da ýagşylyklara öwrer.