Baş sahypa« DÖRDÜNJI BÖLÜM GÜNÄLER » 3.Ar-namysly we at-abraýly adamlara töhmet etmek

Jemgyýeti, adamlary biynjalyk eden hassalyklaryň biri-de töhmetdir. Töhmet – bir adamyň etmedik işini etdi diýmekdir, gara ýöňkemekdir, aýtmadyk sözüni aýtdy diýip, onuň adyna ysnat getirmekdir. Dinimiz adamyň abraýyna we onuň gadyr-gymmatyna ýokary derejede sarpa goýupdyr, jemgyýetiň içinde, köpçülikde onuň hormatynyň goralyp saklanmagyna ýörite buýruk beripdir.  Oňa töhmet atmaklygyň uly günä hasaplanýandygy hem hut şonuň üçindir. Esasan dinimiz belli bolan maglumaty we anyk delili bolmadyk meseleler babatynda gaty häzir bolmaklygymyzy maslahat beripdir. Mukaddes Gurhanda şeýle diýilýär:

“Hakynda maglumatdyr delile eýe bolmadyk zadyň yzyna düşme, çünki gulak, göz we göwün öz eden işleriňe jogapkärdir.”(Isra, 36) Ynsan eşiden her bir sözüne onuň anykdygyna göz ýetirmezden ynanmaly däldir we gören ýerinde ýaýratmaly däldir. Soňunda eşiden şol sözüniň ýalandygy we hakykat bilen asla baglaşygynyň ýokdugyna göz ýetirende, gaty gynanar. Bu hakynda Allatagala bize ýörite öňünden duýduryş berip şeýle diýipdir:

“Eý musulmanlar, eger gep gezdirýänleriň biri size bir habar   getirse, onuň dogrudygyny derňew ediň. Bolmasa, bilmän başga bir jemgyýetiň işini boýnuňyza alarsyňyz welin, soňra gaty puşman bolarsyňyz.”( Hujurat, 6) Pygamberimiz hem bu hakda şeýle diýipdir:

“Her bir eşiden zadyňy gören ýeriňde aýdyp ýörmek iň soňunda adama ýalan bolup ýetýändir.”( Müslim, Mukaddime, 3) Töhmetiň dürli görnüşleri bardyr, iň erbedi we has ýaramazy ar-namys bilen baglanyşyklydyr, başgaça aýdylanda, degnaňa degýänidir. Ahlakly bir maşgala töhmet atmak onuň at-abraýyny gaçyrar, ojagyny ýykar we tutuş maşgalany harap eder. Günäsiz ýere tä ölýänçä gynanç duýgusyny döretmäge sebäp bolar. Şonuň üçin pygamberimiz ahlakly zenanalara töhmet atmaklygy adamy heläk ediji günäleriň biri hasaplapdyr we bu hakynda şeýle diýipdir:

“Adamzady çepbesine çöwürip, heläk edýän ýedi sany zatdan gaça duruň.

-Eý Allanyň resuly, bu ýedi sany zat näme?- diýip soranlarynda pygamberimiz şeýle jogap beripdir:

-Allatagala şärik goşmak, gözbagçylyk etmek, Allanyň haram eden işlerinden biri bolan nähak ýere adam öldürmek, nepil gymmat hakyny (prosent-riba) iýmek yetimiń malyny iýmek, duşmana hüjüm edilýän döwründe söweşden gaçmak, arly-namysly musulman zenanasyna zyna bilen baglanyşykly töhmet atmakdyr.”( Buhary, Typ, 48; Müslim, Iman, 38) Töhmet edilen adam köplenç özüni gorap bilmeýär we üstüne ýüklenen hapanyň aşagyndan çykyp bilmeýär. Şeýle ýagdaýda bolan adamyň diňe Allatagala sygynmakdan başga çäresi galmaýar. Şunuň ýaly çäresiz ýagdaýda Allatagala ýüz tutan we oňa ýalbaran adamyň dogasyny Allata-galanyň kabul etjekdigi pygamberimiz tarapyndan beýan edilipdir. Allatagalanyń huzurynda edenleriniń hasabatyny haçanda bolsa bir gün hut özünin Allatagala berjekdigine ynanan adam başga birine hiç wagt we asla töhmet atmaz, anyk bilmedik zadyny-da aýtmaz.