Baş sahypa« DÖRDÜNJI BÖLÜM GÜNÄLER » 12. Ata-enäni sylamazlyk

Dinimiz musulmanyň ähli wezipelerini we borçlaryny iki maddada jemleýändir.  Onuň biri diňe Allatagala ybadat etmek, beýleki bolsa onuň ýaradanlaryna hormat goýmak we mähirli bolmakdyr. Ýaradylanlaryň içinde öň hatardaky sylag-hormat ata-enä aýrylypdyr, olara boýun bolunmagy buýruk berlipdir. Sebäbi, adamy ýaradan Allatagaladyr. Ata we ene diýýänimiz “ebeweýn” (walide) hem onuň dünýä inmegine sebäpkärdir. Şeýle hem ony önüp-ösdürmegi, tälim-terbiýe bermegi, jemgyýete peýdaly adamlar bolup ýetişmegi üçin aladalanýan adamlardyr. Munuň üçin her hili kynçylyklara döz gelip, öwezine hiç zada garaşmazdan, ellerinden gelen gaýratlaryny yhlas bilen görkezen olardyr. Şeýle hormaty bilen turuwbaşdan özüni ýokdan bar eden Allatagala ybadat etmek, soňra-da özüniň bar bolmagynyň sebäpkäri ata-enesine hormat goýmaklyga borçludyr. Bu mesele mukaddes Gurhanda (Isra, 17/23) we hadyslarda (Buhary, Jihat,1; Müslim, Iman, 36) ýokardaky görnüşde beýan edilipdir. Ynha, şonuň üçin dinimiz ata-enäni sylamazlygy gadagan edipdir we uly günäleriň biri hasaplapdyr.

Pygamberimiz bu hakda şeýle diýipdir:

“Uly günäler Allatagala şärik goşmak, ata-enäni sylamazlyk, adam öldürmek we ýalan ýere ant içmekdir.”(Buhary, Eýman, 16) Allatagala adamlaryň eden günälerine berilmeli jezalaryň käbirini ahyretde gijikdirjekdigini, ýöne ata bilen enäni sylamazlyk bilen baglanyşykly edilen günäniň jezasyny şol günäkäre ölmezinden öň bu dünýäde-de berjekdigini pygamberimize habar beripdir.

Pygamberimiz hem bu hakda şeýle diýipdir:

“Üç sany doga bardyr, şol dogalaryň kabul boljakdygyna asla şek-şübhe bolup bilmez; birinjisi, nähaklyga ugraýan günäsiz adamyň dogasydyr, ikinjisi, myhmanyň dogasydyr, üçinjisi bolsa ata-enäniň öz çagalaryna edýän dogasydyr.”( Et-Tergib wet-Terhib, j.3, s.328, Beýrut, 1968 (Hadysy Taberany aýdypdyr).) Tirmizi, Birr, 7

“Üç sany zat bardyr, şolar bilen baglanyşykly edilen işleriň hiç hili peýdasy bolmaz. Bu işler şulardyr: Allatagala şärik goşmak, ata-enäni sylamazlyk we söweşden gaçmakdyr.”51

Ata-enä, ylaýta-da garran wagtlarynda ediljek hyzmat we indeg-ideg adamyň jennete girmäge hak-hukuk gazanmagyna, tersine bolan ýagdaýynda jenneti ýitirmegine sebäpdir. Bu barada pygamberimiz:

“Tumşugyna berilsin, tumşugyna berilsin, tumşugyna berilsin” diýip gaýtalan wagtynda:

-“Kimiň, eý Allanyň resuly?” diýip soraldy. Şonda pygamberimiz:

-“Ata-enesinden biriniň ýa-da ikisiniňem garran çagy olara eýe çykman, hyzmat etmän, jennete girmeýäniň”-diýip jogap beripdir. (Müslim, Birr, 3.)

Ata-enäni sylamazlyk bilen baglanyşykly pygamberimiziň bize ýörite aýdyp giden köp nusgaly maslahatlary bardyr.

Netije hökmünde şu hadys bilen bu meseläni jemläliň:

“Allatagalanyň razylygy ata-enäniň razylygydyr. Allatagalanyň gahar-gazagy hem ata-enäniň gahar-gazabydyr.” (Tirmizi, Birr, 3)