Baş sahypa« DÖRDÜNJI BÖLÜM GÜNÄLER » 13. Ýalan we ýalan ýere şaýatlyk

Ynanjaň bir adam üçin imandan soňra iň oňat häsiýetiň dogruçyl-lykdygyna hiç hili şübhe ýokdur.

 Dogruçyllyk pygamberlerde bolmagy zerur hasaplanýan bäş häsiýetden biridir.

Dogruçyllyk nähili derejede ýagşy häsiýet bolýan bolsa, onuň tersi ýalançylyk hem şonçe derejede ýaramaz häsiýetdir. Şonuň üçin dinimiz ýalan sözlemekligi gadagan edipdir.

Musulman ýalan aýtmaz, çünki, musulman ynamdar adam diýmekdir. Ýalan bolsa oňa päsgelçilikdir.

Pygamberimizden:

 -“Musulman gorkak bolup bilermi?” diýip sorapdyrlar.

-“Bolup biler” diýip jogap beripdir. 

-“Musulman gysganç bolup bilermi?” diýip sorapdyrlar.

-“Bolup biler” diýip jogap beripdir.

-“Musulman ýalançy bolup bilermi?” diýip sorapdyrlar.

-“Ýok, ol asla ýalançy bolup bilmez” diýip jogap beripdir. (Tenvirul-Havalik ala Muwattail-Malik, j.2, s.252)

Ýalan munuň özi ynsan üçin iň ýaramaz häsiýet bolan ikiýüzlüligiň alamatydyr. Bu hakynda pygamberimiz şeýle diýipdir:

“Ikiýüzlüligiň alamaty üç sanydyr: geplän wagty ýalan sözlär, söz beren wagty sözünde tapylmaz, özüne bir zat amanat edilen wagtynda oňa hyýanat eder, ony aýawly saklamaz.” (Buhary, Edeb, 69; Iman, 25) Ýalançynyň bu dünýäde-de, ahyretde-de ýüzi garadyr. Sebäbi adam ýalan sözledigiçe we ýalany kabul etdigiçe Allatagalanyň huzurynda ýalançy hökmünde ýazyljakdyr. Pygamberimiz şeýle diýipdir: “Dogruçyllygy kabul ediň, dogruçyl boluň, ondan asla aýrylmaň, çünki, dogruçyllyk ýagşylyga äkider, ýagşylyk bolsa jennete elter. Adam  dogry sözledigiçe, dogryny kabul etdigiçe Allatagalanyň huzurynda dogruçyl hökmünde ýazyljakdyr. Ýalandan gaçyň, çünki ýalan ýaramazlyga äkider, ýaramazlyk bolsa jähenneme elter. Adam näçe ýalan sözledigiçe we ýalany kabul etdigiçe şonça-da Allatagalanyň huzurynda ýalançy hökmünde ýazyljakdyr.” (Buhary, Edeb, 69; Müslim, Birr, 29) Pygamberimiz çagalary köşeşdirmek we ünsüni bir zatdan başga zada sowmak üçin olara ýalan sözlemekligiň hem günädigini, şonuň üçin beýle görnüşdäki ýalandan hem gaça durmalydygyny beýan edipdir. Abdylla b. Amr (radyýallahü anh) şeýle diýýär: “Pygamberimiz bir gün öýümize gelende, ejem “köşegim, bärik gel, bir zat bereýin” diýip meni ýanyna çagyrdy. Pygamberimiz ejeme

-“Çaga näme bermekçi bolduň?”- diýip sorady. Onda ejem:

-“Hurma bermekçi boldum”-diýdi. Şonda pygamberimiz:

-“Eger bir zat bermedik bolsadyň (çagany aldan bolsadyň), onda saňa bir ýalan ýazylardy” –diýipdir. (Ebu Dawud, Edeb, 88) Ýalanyň her bir görnüşi günä hasaplanmak bilen birlikde, onuň iň erbedi ýalan şaýatlykdyr. Ýüz görmek üçin ýa-da bähbit üçin kazyýetde ýalan sözlemek uly günädir. Ýalançy şaýat turuwbaşda başga biriniň göwnüni aljak diýip özüniň ahyretini ýykar, soňra-da eden ýalan şaýatlygy bilen hakykatyň ýitmegine we bigünä adamlaryň ezýet çekmelerine sebäp bolar.

Mukaddes Gurhanda şeýle diýilýär:

“Eý möminler, adalaty gaty inçelik bilen gorap saklaýan özüňiziň, ata-eneňiziň we dogan-garyndaşlaryňyzyň garşysyna-da bolsa Allatagala  üçin şaýatlyk eden adamlar boluň. (Şaýatlyk edenleriňiz, güwä geçenleriňiz) baý bolsun, garyp bolsun, tapawudy ýok, Allatagala olara sizden has ýakyndyr. Duýgudyr düşünjeleriňize gidip, adalatyň çyzan çyzygyndan çykmaň, (şaýatlygy) çepbe çöwürseňiz ýa-da şaýatlyk etmekden boýun gaçyrsaňyz, (ýatdan çykarmaň) Allatagala bu eden işleriňizden habardardyr.” (Nisa, 135) Pygamberimiz-de:

-“Size uly günäleriň iň ulusyny aýdaýynmy?” –diýdi. Egindeşleri:

-“Hawa, aýdyň, eý Allatagalanyň resuly!”- diýdiler. Pygambe-rimiz:

-“Allatagala şärik goşmak, ata-enäni sylamazlyk”-diýdi. Soňra ýassanyp duran ýerinden aşak oturdy-da:

“Maňa gulak asyň, bir-de ýalan şaýatlykdyr” diýdi. Pygamberimiz bu sözi yzygiderli gaýtalaýardy. Egindeşleri: “Käşge köşeşsedi (gürlemegini goýsady).” (Buhary, Şehadet, 10; Müslim, Iman, 38) diydiler. Ýalan şaýatlyk eden adam birbada üç sany günäni ýerine ýetirýär: ýalan sözlemek, nähak bolan adama kömek bermek, hakly bolan adamyň hak-hukugyny basgylamakdyr. Şoňa görä, musulman asyl ýalan aýtmaz we ýalan ýere şaýatlyk etmez. Bular musulmana gelişmeýän ýaramaz häsiýetlerdir.