Baş sahypa« ÜÇÜNJI BÖLÜM HALALLAR WE HARAMLAR » AW WE ONUŇ ASYL MANY-MAZMUNY

Arap dilinde “saýd” sözi bilen berilýän aw Mekgäniň Harem çäklerinden daşarda ýerlikli hasaplanylýar. Awuň ýerlikli bolandygy kitap, sünnet we ijma bilen berkidilendir. Mukaddes Gurhanda şeýle diýilýär:

“Ihramdan çykan wagtyňyz, (isleseňiz) aw awlaň”(Maide, 2.)

Bu aýat ihramlylardan beýlekilere awlanma rugsadyny berýändir. Hormatly pygamberimizde:

“Tazysyny awa salanda “bismilläni” hem çeken bolsa, onda bu awdan iý. Eger tazy bu awdan iýen bolsa, şol awdan sen iýme, sebäbi ony diňe özi üçin tutandyr diýip çaklamalydyr.”(Müslim, Saýd, 2.) diýip belläpdir we belli bir usula görä awlanylan haýwanyň peýdaly we halaldygyny beýan edipdir.  Alymlar hem aw awlamaklygyň ýerliklidigi baradaky umumy garaýşy öňe sürüpdirler. Aw haýwanlary eti iýilýänler we eti iýilmeýänler diýen iki topara bölünýär. Eti iýilýän haýwanlar etleri üçin, eti iýilmeýänler-de derisi, possuny we beýleki käbir organlaryny peýdalanmak ýa-da zyýanlaryndan goranmak üçin awlanylýar. Zowkysapa we keýp üçin aw awlamak mekrudyr. Awçynyň aw haýwany we aw gurallary bilen baglanyşykly bilmegi zerur bolan esasy meseleler şulardan ybaratdyr:

Awçyda bolmaly şertler

1.       Awçynyň dini taýdan mal soýmagy başarýan bolmagy.

Musulman bilen kitaplara ynanýanyň awlan awlaryny iýmek bolýar. Mejusileriň we butparazlaryň awlan awy iýilmez.

2. Awçynyň aw awlamagy halal bolmaýan adam bilen şärik görnüş-de aw awlamazlygy.

3. “Bismilläni” bilgeşleýin goýbolsun etmezligi. Malyň damagyny çalan wagtyňda nähili “Bismillahi Allahu Ekber” diýmeklik şert bolýan bolsa, ýaragy ulanan wagtyňda ýa-da awy tutmak üçin öwredilen tazyny awa salan wagtyňda-da “Bismillahi Allahu Ekber” diýmek-de şertdir. “Bismilläni” ýatdan çykaryp aýtmazlygyň bir zyýany ýokdur. (Ýokarda-da beýan edişimiz ýaly, Şafi messebinde “bismilläni” sünnet hasap edilýändigi üçin bilgeşleýin aýdylmadyk hem bolsa, şol malyň eti iýilýär.)

4. Awçy aw niýeti bilen ýaragyny ulanmaly we şol niýet bilenem tazysyny awa salmaly.

5. Awçy ýaragyny ulanan halatynda ýa-da tazysyny awa salanynda başga bir iş bilen meşgul bolmaly däl, awuň yzyndan gitmelidir. Şeýle ýagdaýda ýaralan awuny öli görnüşde tapsa-da onuň etini iýer. Ýöne awuny yzarlaman awy soňra gözlejek bolsa, aw başga bir sebäpden ýa-da ýaralanan bolsa-da wagtyň geçmegi bilen damagy çalynmazdan ölse, onda onuň eti iýilmez.

 

Aw gurallary bilen baglanyşykly şertler

Aw guraly iki sanydyr, onuň biri ýarag, ikinjisi bolsa aw awlamak üçin ýörite ýetişdirilen aw tazysydyr.

a. ýarag: ok, naýza, pyçak we tüpeň ýaly ýaralaýjy we öldüriji gural bolmalydyr. 

b. ýörite ýetişdirilen haýwan: aw tazysy, elguş, algyr ýaly aw üçin ulanylýan haýwanlardyr.

 

Aw üçin ýörite ýetişdirilen aw haýwanlarynda bolmaly şertler

1.Haýwanlar aw awlamak üçin ýetişdirilen bolmalydyr. Aw tazysynyň ýetişdirilmegi awy tutan wagty ony iýmezligidir.(Şafi we Hanbelilere görä, aw tazysynyň ýetişdirilen bolmagy üçin awy iýmezligi, salnan halatynda gitmegi we yşarat edilen wagty durmagy şertdir.)

2. Aw awlamakda ulanylýan haýwanlar eýeleri tarapyndan awa salynmalydyr. Şeýle edilmedik halatynda diňe olaryň özleriniň tutan awy iýilmeýär.( Şafi, Mäliki we Hanbelilere görä, awçy awuny görenden soň, aw haýwanyny awa salmalydyr. Eger eýesiniň awa salan haýwanyny belli bir aw üçin goýberse, haýwan hem başga aw awlasa ol awlanan aw iyilmez.)

3. Awçy aw döwründe ýörite ýetişdirilmedik haýwandan başga haýwan şärik goşmaly däldir. Şol şärik goşulan haýwanyň awlan awy iýilmeýär. Sebäbi awy haýsy haýwanyň awlandygy belli bolmaýar. Ýöne şonuň ýaly awy awçy diri görnüşde ele salsa we düzgüne görä damagyny çalsa, onda awuň eti iýilýär.

4. Awçy haýwan awuny ýaralap öldürmelidir. Ony bogup ýa-da urup öldürse, bu aw iýilmeýär.(Şafilere görä, awçy haýwan awuny basgylap öldürse-de onuň eti iýilýär.)

5. Aw tazysy awlan awundan iýmeli däldir. Eger aw tazysy şol awdan iýse, onda onuň eti iýilmeýär. Çünki bu awy eýesi üçin däl, diňe özi üçin awlan hasap edilýär. Elguşlar awlan awlaryndan iýip bilýärler.

6. Awda ulanylan ýaraglar kesgir we ýiti bolmalydyr. Taýak we daş bilen ýara salmazdan öldürilen haýwan iýilmeýär.

 

Aw şertleri

  1. Aw eti iýilýän haýwanlardan bolmalydyr.

2. Awa salynýan haýwan öý haýwanlarynyň biri bolmaly däldir. Öý haýwanlary awlanylmaýar. Adaty görnüşde soýulýar. Ýöne öý haýwany ýabanylaşyp gaçsa, tutmak hem mümkin bolmasa ýa-da gaçan guýusyndan çykaryp bolmasa, onda ýarag bilen öldürmek mümkindir. Şunuň ýaly ýagdaýda keýik we şoňa meňzeş haýwanlar-da eldeki edilen bolsalar, onda awlanmaz, damagy çalynmalydyr.

3. Aw haýwany damagy çalynman ölen bolsa, alan ýarasy sebäpli ölen bolmalydyr. Alan ýarasyndan ölmän, gorkudan ýa-da ýaralaýanyň zarbasyndan ölen bolsa, onuň eti iýilmeýär. Ýaralanandan soňra suwa gaçyp gark bolsa ýa-da togalanyp ölen bolsa, şonuň ýalydyr, eti iýilmeýär.

4. Aw haýwany ölmezden ele geçirilse we damagy çalynmak üçin şert bar bolsa, onda onuň damagy çalynmalydyr. Eger damagy çalynmak üçin şerti we mümkünçiligi bar bolsa-da damagyny çalmasa munuń eti hem iýilmeýär.