Baş sahypa« ÜÇÜNJI BÖLÜM HALALLAR WE HARAMLAR » Bije çekmek ýerliklidir

Bije haýsy hem bolsa bir meselede gyzyklanýanlaryň arasyndan saýlamak üçin zerur bolan meseläniň çözülmeginde ulanylýan ýerlikli hasaplanylýan bir ýoldur. Bije kitap we sünnet bilenem ylalaşyklydyr. Mukaddes Gurhanda geçen pygamberleriň bir toparynyň hem gatnaşan käbir düşünişmezlikleriň bije bilen çözülendigi beýan edilipdir. Ene we atasynyň ölüminden soňra ýetim galan hezreti Merýemiň kimiň ýanynda galmalydygy hakynda garyndaşlarynyň arasynda ylalaşmazlyk ýüze çykypdy. Bu ylalaşmazlygyň çözülmegi üçin bije çekmeklige ýüz tutulypdy we şonuň netijesinde hezreti Merýem daýzasynyň adamsy Zekeriýýa aleýhissalama berlipdi. Bu baradaky bije çekilişinden Aly Imran süresiniň 44-nji aýatynda gürrüň berilýär. Zekeriýýa aleýhissalamyň bu tejribesi biziň üçinem nusga bolup, gerek wagty meseläni çözmeklige delil bolup bilýändigini görkezýär. Bije pygamberimiziň hut özi tarapyndan hem synalypdyr. Pygamberimiz şeýle diýýär:

“…Adamlar azan okamagyň we ilkinji saplarda namaz okamagyň bähbidini bilseler we muňa ýetmek üçin bije çekmekden başga çäre tapmasalar, hökmany özaralarynda bije çekerdiler.”( Müslim, Salat, 28; Tirmizi, Salat, 166; Ibn Maje, Salat, 51.) Pygamberimiziň jennet bilen buşlan on sany adamyň biri bolan Zubeýr b. el-Awwamyň (r.a.) eden rowaýatyna görä bir zenana Uhud urşunda şehit bolan hezreti Hamza saralmagy üçin iki sany köýnek getiripdi. Şol köýnekleriň biri hezreti Hamza, beýlekisi bolsa Ensardan bolan başga bir şehide saralmalydy. Ýöne köýnekleriň biri uly, beýlekisi bolsa kiçidi. Uly köýnegiň haýsysyna saralmalydygy bije bilen belli edilipdir.( Ahmet b. Hanbel, Müsned, 1/ 521–522.) Yslam fykyhynda we gündelik ýaşaýşymyzda muňa meňzeş nusgalar bardyr. Bir jemgyýetiň içinde wezipeli bolan ymam bolmadyk halatynda we birnäçe kişi ymam bolmak islän ýagdaýynda, öňi bilen, has ylymly we sowatly, oňat okaýan, günälerden uzak bolan, ýaşuly, has ahlakly, ýüzi, asly, sesi, egin-eşigi oňat bolan adam saýlanylar. Bularyň sany birnäçe bolsa, onda olaryň arasynda bije çekiler. Kimiň bijesi çyksa, şol hem ymam bolar.( Dürrül-Muhtar, I / 521–522.)

Bir sapara çykylan wagty goşun serkerdesi bolan Sad b. Ebi Wakkas (r.a.) esgerlerden azan okamak isleýänleriň arasynda bije atypdyr we şonuň netijesinde azançyny belläp, ylalaşmazlygyň öňüni alypdyr.(Buhary, Azan, 9.) Ýaşaýşymyzda ençeme meselede bije çekme tärinden peýdalanylýandygy bir hakykatdyr. Düýe, sygyr ýaly mallary üle edenler özaralaryn-da onuň eti ilki çekip bölerler, soňra bolsa bije atyp, şol bijä görä etleri ylalaşykly nusgada paýlaşarlar. Şunuň ýaly mirasdüşerleriň arasynda miras  bölünenden soňra her kimiň paýy babatda närazylygyň döremezligi üçin köplenç bije çekerler. Birbada iki adam pygamberimize miras bilen baglanyşykly ýüz tutupdyr. Ýöne hiç biriniň elinde aýdanlaryny tassyklaýan delilleri ýokdy. Pygamberimiz olara: “Serediň, menem siz ýaly adam. Siz maňa özara dawalaryňyzy çözüp bermegi haýyş edýärsiňiz. Käşge biriňiz anyk deliller bilen beýan etse-ňiz, menem şoňa görä meseläňizi çözsem. Eger hakykata degişli bolany başga görnüşde beýan etsem, şonuň netijesinde ele geçjek zat diňe jähennem odunyň bir bölegidir. Şondan soň isle mal alsyn, halada ony taşlasyn, tapawudy ýok”- diýdi.  Bu sözleri eşiden mirasçylar aglaşyp, biri-birine: “Hakym seňki bolsun, men hiç zat islemeýärin”- diýipdir. Şonda pygamberimiz: “Beýle bolsa, mirasy desdeň ikä bölüň. Soňra haýsy bölegiň kime degişlidigini bilmek üçin öz araňyzda bije çekiň we halal paýlaşyň” diýip maslahat beripdir.( Ebu Dawut, Akdiýe, 7; Ahmet b. Hanbel, Müsned, 6 / 320.)