Baş sahypa« ÜÇÜNJI BÖLÜM HALALLAR WE HARAMLAR » Gazançdyr girdejide haram bolanlar

Ç) Gazançdyr girdejide haram bolanlar

 1. Humar: 

Orta pul goýup oýnalýan bagta töwekgellik oýnudyr. Oýnuň oýnalýan serişdesi we täri o diýen ähmiýetli däldir. Oýun taraplaryň biri ýa-da birnäçesine gazanç getirýän ýa-da zyýan ýetirýän bolsa, onda şol oýun humardyr we oýnamasy gadagan edilen oýundyr. Bu ýol bilen gazanylan pul hem haramdyr. Mukaddes Gurhanda şeýle diýilýär: “Eý iman edenler şerap, humar, dikilen daşlar (butlar) pal we bagtatöwekgel oklary bir şeýtany işdir, bulardan uzak duruň, şonda halas bolarsyňyz.”( Maide, 90.)

Pygamberimiz ýoldaşlaryna “geliň, humar oýnalyň” diýip aýdan adamyň şol sözüne keffarat görnüşde sadaka bermegini maslahat edipdir.( Buhary, Suretün-Hejm, 2)

Humaryň haram edilmeginiň sebäpleri hakynda pikirlenilen halatynda, öňi bilen, şu aşakdaky meseleler akyla gelip biler: 

a. Dürli görnüşli gazanç we girdeji ýollary bardyr. Bu ýollaryň biri bilen günüňi görmeli, ýaşamaly, ýöne muny bagtatöwekgellige galdyrmaly däldir.

b. Humar: adamyň işlemegine, maşgalasy we jemgyýeti, galyberse-de, umumy adamzat nesli üçin peýdaly hyzmatlaryň edilmegine we Allanyň öňündäki ybadatlaryny ýerine salmagyna päsgel berer.

ç.Humaryň zyýany diňe oýnaýana ýetmez, maşgala agzalaryna we jemgyýete-de täsiri ýeter hem-de işsiz-öwzarsyz adamlaryň köpelmegine ýol açar, şeýlelikde, birnäçe sosial çaýkanmalara sebäp bolar. Humar sebäpli, edilen jenaýatlaryň we özüni heläk etmeleriň az bolmadyk derejededigi, şonuň netijesinde ençeme bagtly maşgala ojaklarynyň sönendigi hakykatdyr. Ummasyz möçberde zyýany bolan humar haramdyr we şol netijesinde ele geçirilen gazanç hem dogry bolmadyk haram gazançdyr.