Baş sahypa« ÜÇÜNJI BÖLÜM HALALLAR WE HARAMLAR » Göwreliligiň öňüni almak

1.       Göwreliligiň öňüni almak 

Göwreliligiň öňüni almak diýmek dürli sebäpler bilen çaga islemeýän ýanýoldaşlaryň çäre görmegi diýmekdir. Kiram sahabalarynyň bir bölegi bilen käbir müjtehit we alymlar göwreliligiň öňüni almak babatdaky çärelere ýüz tutmagy mekruh hasap etseler-de, birnäçeleri muny ýerlikli hasaplapdyrlar. Öýlenmekligiň maksatlaryndan biriniň we iň esasysam nesli dowam etdirmekdigini unutmaly däldiris we hemişelik gysyrlyga ýol açýan çärelerden çekinmelidiris. Ene rehmine düşen düwünçegiň düşürilmegi ýa-da çaganyň aldyrylmagy bu iş göwreliligiň öňüni almak bilen deň derejeli iş däldir. Bu ýerde ynsan düwünçeginiň ýok edilmegi we enäniň saglygy esas alynmalydyr. Heniz dört aýlyk bolmaýan düwünçegiň aldyryp bilinjekdigini aýdýan alymlar bar bolsa-da, möhüm bir zerurlyk bolmasa, rehimdäki düwünçegiň derman bilen düşürilmegi ýa-da aldyrylmagy yslam alymlarynyň köpüsine görä ýerlikli däldir. Dört aýlykdan soňra çagany aldyrmak bolsa, haramdyr, günädir.