Baş sahypa« ÜÇÜNJI BÖLÜM HALALLAR WE HARAMLAR » HALALLAR WE HARAMLAR

Halal, dini taýdan berjaý edilmegi we iýlip-iýilmegi ýerlikli hasaplanylýan zatlardyr.

 Haram, dini taýdan berjaý edilmegi we iýlip-iýilmegi gadagan hasaplanylýan zatlardyr. Şu kesgitlemä laýyklykda, bir zat halal bolsa, onda ol haram däldir, bir zat haram bolsa, ol halal bolmaz diýen netije gelip çykýar. Allatagalanyň ýaradan her bir zadynda asyl bolany halallyk we mubah bolanydyr. Haramdygy belli edilenlerden başga hiç zat haram däldir. Haram bolan zatlar hem sanly, hem-de çäkli bolup, ondan galanlaryň hemmesi haram däldir. Allatagala oňat, arassa we adamyň saglygyna peýdaly bolan zatlary halal, tersine, ýaramaz, erbet we zyýanly bolan zatlary-da haram edipdir. Mukaddes Gurhanda bu hakynda şeýle diýilýär:

“Özleri üçin nähili zatlaryň halal edilendigini senden sorarlar; şonda şeýle diýip jogap ber: ähli oňat we arassa zatlar siz üçin halal edilendir.” (Maide, 4.) Allanyň halal edenlerini halal, haram hökmünde beýan edenlerini bolsa haram diýip kabul etmek zerurdyr. Mukaddes Gurhanda bu hakynda şeýle diýilýär:

“Eý, musulmanlar! Allanyň size halal eden oňat we arassa zatlaryny haram etmäň. Hetdenaşa gitmäň. Alla çäkden çykanlary halamaz.”( Maide, 87.)

“Dilleriňiziň ýalan görnüşde beýan eden zatlary hakynda “Bu halaldyr, bu-da haramdyr” diýmäň. Eger (şeýle diýseňiz) onda Allanyň öňünde ýalan sözledigiňiz bolar. Şübhesiz, Allanyň öňünde ýalan sözleýän adamlar asla halas bolmazlar.” (Nahl, 116.)