Baş sahypa« ÜÇÜNJI BÖLÜM HALALLAR WE HARAMLAR » Beýhuş ediji maddalar

Ýokarda hem beýan edişimiz ýaly, mukaddes Gurhanda haram bolan ähli içgiler sanalyp geçilmedi, ýaramaz we adam saglygy üçin zyýanly bolan her bir zadyň haramdygy beýan edilipdir. Bularyň aýratynlygy “serhoş we beýhuş etme” häsiýetleriniň bolmagydyr. Şeýle häsiýeti bar bolan ähli zat haramdyr. Tirýek, neşe, geroin, kokain we morfin ýaly maddalarda-da bu häsiýetiň bolandygy üçin, bular hem haramdyr. Hatda bularyň täsiri spirtli içgilerden-de has güýçlüdir, zyýanyda örän köp mukdardadyr. Beýhuş ediji maddalaryň ulanylmagynyň haram bolşy ýaly, olaryň alnyp-satylmagyda dogry däldir.(Dürül-Muhtar, j.5, s.452; Fetwa, Ibn-i Nujeým, s.102.) Geçirilen derňewlere görä, bu maddalaryň iň esasy we umumy aýratynlyklarynyň biri gaty ujypsyz mukdarda alnan ýagdaýynda-da tiz wagtyň içinde endige öwrülýändigidir. Mysal üçin, bir gezek geroin ulanan we özüni oňa aldyran adamyň mundan halas bolmagy ýeňil-ýelpaý iş däldir. Az mukdarda alanlarda höweslilik endigini döredýän neşe bolsa ony ulananda gysga wagtyň içinde gazaply görnüşe geçmek, hüjüm etmek ýaly ýagdaýlaryň ýüze çykmagyna sebäp bolýar, adamy däliremeklige, ölüme çenli süýräp bilýär. Bu maddalary ulanan adamda birmeňzeş täsiri görkezmekligi üçin mukdaryň has-da artdyrylmagyny talap edýär. Bu bolsa şol maddany endige öwrüp, oňa bolan islegini artdyrýar. Puly ýetmese-de öýdäki goş-golamlary satmakdan, pul tapmasa, ogurlyga baş urmakdan we jenaýat etmekden gaýtmaýar. Beýhuş ediji maddalaryň ýaramaz bir netijeside maşgala we özara gatnaşyklaryň bozulmagydyr. Şeýlelikde, adam öz maşgalasynyň we çagalarynyň öňündäki jogapkärçiligini ýitirýär. Maşgala agzalary onuň üçin mundan beýläk ähmiýetini gaçyrýar, diňe bar bileni beýhuş ediji maddalary tapyp bilse bolany diýilýän derejä ýetýär. Onuň üçin mundan beýläk geljek diýen bir düşünje galmaýar. Beýhuş ediji maddalary ulnanýanlar alan maddalarynyň ýokary mukdary bilen ölümiň penjesine düşýärler.(Giňişleýin maglumatlar üçin serediň: Prof. Dr. Alparslan Özýazyjy, Spirtli içgiler, çilim we başgalar. Ankara, 1993.) Adamy ruhy we fiziki taýdan maýryp taşlaýan we elhenç ölüme alyp barýan beýhuş ediji maddalaryň howpunyň öňünde gaty hüşgär bolmaklyga mejburdyrys.  Hiç kim men alkaş boljak diýip içgi içmäge ýa-da men tirýekkeş boljak diýip beýhuş ediji maddalary ulanmaga başlamaýar. Şonuň ýaly zyýanly zatlara käbir meýiller, höwesler we islegler bilen başlaýar. Barlap görsem, nähili bolarka diýen meýil bilen ýola çykylýar. Soňunda-da çoçgara çolaşyp, alkaş, neşekeş, tirýekkeş bolup çykýar we yza gaýdyşy bolmaýan howply ýola düşýär.    

Beýhuş ediji maddalary ulanmaklygy bir adamyň göz görtele özüni howpuň öňüne atmasy diýmekdir. Beýik Allatagala mukaddes Gurhanda: “Öz elleriňiz bilen özüňizi howuň öňüne atmaň”( Bakara, 195.) diýip, bize ýörite duýduryş berip, şol howpdan habardar edipdir. “Beýhuş ediji madda nähili zatka?” ýa-da “Bir sapar ulananyň bir hiç zat bolasy ýokla” diýen düşünje bilen beýhuş ediji maddalary ulanmaklyga synanyşyk edenleriň soňra ondan halas bolmagy hyllalladyr, gaty kyndyr. Sebäbi, beýhuş ediji maddany ulanmak zäheri synamak mysaly gaty howply bir işdir. “Eýsem zäher öldürermi?” diýip, muny synag etmekligiň ajy netijesi bolsa hemmä düşnükli bolan hakykatdyr. Şol sebäbe görä adamyň bedenini harap edip, ony maddy we ruhy taýdan sussypeslige alyp barýan we adamzat üçin çynlakaý howp hasap edilýän beýhuş ediji maddalary iň oňat görnüşde düşündirip, adamlary bu aýylganç howpdan halas etmeklik ugrunda göreşmelidiris.