Baş sahypa« ÜÇÜNJI BÖLÜM HALALLAR WE HARAMLAR » Mätäçlik haramlary mubah eder

Yslam dini ýeňilikleri döreden dindir. Bir adam mätäç galyp, özüne bagly bolmaýan sebäpler bilen haram bolan bir zady iýmek islese ýa-da bir işi berjaý etmäge mejbur galsa, ony halal hasaplamazlyk şerti bilen mejbury bolan mätäçligini kanagatlandyrjak derejede şol haram bolan zatdan peýdalanyp biler, munda günä ýokdur. Mukaddes Gurhanda şeýle diýilýär:

“Allatagala size maslyk läşini, gany, doňuz etini we Alladan başga biriniň adyna kesileni haram etdi. Kimde kim bulardan iýmäge mejbur galsa, hödürlemezlik hem-de mätäçlik çägini aşmazlyk şerti bilen iýmeginde günä ýokdur. Allatagalanyň gaty geçirimlidigine we elmydam bagyşlaýjydygyna asla şübhe ýokdur.”(Bakara, 173.)

Mätäçlik we mejburylyk bolmadyk halatlarda haram bolan zatlardan gaça durmak zerurdyr.