Baş sahypa« ÜÇÜNJI BÖLÜM HALALLAR WE HARAMLAR » Para

2. Para

Etdirilmek islenilýän bir işde dogry-düzüw bolmaýan bir aňsatlyk üçin haýsydyr jogapkär adama mal ýa-da pul bermek bilen amal edilen çykdajydyr. Şeýle maksat üçin bir zat bermekde, almakda, oňa araçy bolmakda gadagandyr, günädir. Sebäbi para dogryny egri, ergini-de dogry edip, adalatyň ýüze çykmagyna päsgelçilik döredýär. Mukaddes Gurhanda şeýle diýilýär:

“Öz araňyzda mallaryňyzy ýerliksiz we nähak ýere iýmäň. Özüňiz bilip durkaňyz adamlaryň zatlaryndan, mallaryndan bir bölegini ýalan ýere ant içip, awy ýalap we şaýat bilen iýmekligiňiz üçin şol zatlary häkimlere bermäň” (Bakara, 188.)

 Para adamlar üçin bolşy ýaly jemgyýetler üçinem gaty erbet netijeleri ýüze çykarar. Paranyň ýaýran ýerinde haksyzlyk köpeler. Asuwdalyk we ynamlylyk galmaz. Sosial düzgün-nyzam bozular. Şonuň üçin pygamberimiz:

“Para alanam, ony berenem jähennemde bolar.” ( Ebu Dawut, Akdiýe, 4; Mejmeuz-Zewaid, j.4, s.199.) diýipdir. Netijede, para hökmünde ele geçirilen gazançdyr girdejide haramdyr. Şonuň üçin mundan çekinmek zerurdyr.