Baş sahypa« ÜÇÜNJI BÖLÜM HALALLAR WE HARAMLAR » Düşewünt salgydynyň haram bolmagynyň sebäbi

Düşewünt salgydy haramdyr we uly günäleriň biridir.

Jenaby Hakyň haram eden her bir zadynda biz üçin birnäçe zyýanlaryň bardygyna şübhe ýokdur. Bu zyýanlardan goranmagymyz üçin Alla-tagalanyň haram eden zatlaryndan saklanmak zerurdyr. Düşewünt salgydyda şunuň ýaly gadagan edilen zatlaryň biridir. Bularyň käbir nusgalary şulardan ybaratdyr:

1. Düşewünt salgydy öwezi bolmaýan bir gazançdyr. Berlen ýüz gram altyna derek alnan ýüz on gram altyndaky on gram öwezsiz alnan düşewüntdir. Aslynda adamlaryň mallary, janlary eldegrilmezdir. Başga birine degişli bolan zady deregine derek bolmazdan almaklygyň düşündirişi ýokdur. 

2. Düşewünt salgydy bahalary gymmatladýar. Düşewünt salgytly kredit ulanýanlar umumy baha salgydyda goşan wagtlarynda bahalaryň galmagyna we alyjylaryň ýaşaýyşda kynçylyk çekmegine sebäp bolýar.

3. Düşewünt salgydy adamlary işläp gazanmakdan we önümçilik bilen meşgul bolmakdan alyp galýar. Sebäbi ellerinde bar bolan maýagoýumlary düşewünt salgydyna bermek şerti bilen salgyt salyp, mugt gazanç edýänler söwda ýa-da başga işiň kynçylygyna girmek islemeýärler. Şol sebäpli ýokary derejede önüm öndürmeklige ukyply bolan ençeme adamdan iş dünýäsi mahrum bolup galýar. Aslynda jemgyýet zähmet çekmek bilen düzgün-nyzama eýe bolýandyr.

4. Düşewünt salgydy adamlary biri-birine bergi bermek şerti bilen hemaýat etmeklerine, biri-birleriniň dertler, aladalary bilen gyzyklanmalaryna päsgelçilik döredýär. Bu ýagdaý bolsa jemgyýetiň agzalarynyň arasynda agzybirligiň we birek-birege berilýän goldawyň pese düşmegine sebäp bolýar. 

5. Düşewünt salgydynyň ýaýran jemgyýetlerinde barly bilen garyp arasyndaky ýagdaý barha tapawutly derejede arany açýar, baý has baýlaşýar, garyp bolsa gitdigiçe pese düşýär. Bu ýagdaý bolsa birnäçe sosial deňsizlikleriň ýüze çykmagyna we jemgyýeti ynjalykdan gaçyrýan ösüşlere sebäp bolýar.

6. Düşewünt salgydyny ulanmaýan adamlar ellerindäki bu şerti ulanmaýandygy üçin daşyndan seredeniňde zyýan çekýän ýaly görnüp biler. Ýöne olar nebsiniň ugrunda çapman, beýik ýaradanyň buýrugyny ýerine salmak üçin onuň razylygy üçin zähmet çekerler. Bir tarapdanda jenaby Hak olaryň düşewünt salgydy bolmaýan sap arassa zähmet gazanjynyň bereketini artdyrar we mallaryny köpelder. Bu hakda mukaddes Gurhanda şeýle diýilýär:

“Alla düşewünt salgydynyň soňuna çykar (şeýle zatlaryň bereketini gaçyrar), onuň ýerine sadakalary hasda köpelder (sadaka berlen zatlaryň berketini artdyrar)”(Bakara, 276.)

4. Söwdada wada tapawudy

 Söwdada wada tapawudyny düşewünt salgydy bilen baglanyşygynyň bardygyny ýa-da ýokdugyny öwrenmek üçin muny düşewünt salgydy bölüminiň soňuna goşmagy amatly hasapladyk. Öňi bilen söwdanyň manysyny düşündireliň: Söwda peýdaly we dini taýdan päsgelçigi bolmaýan bir işdir. Mukaddes Gurhanda şeýle diýilýär: “Allatagala söwdany halal, düşewünt salgydyny bolsa haram edendir.(Bakara, 275.)

 “Eý iman edenler, araňyzda ylalaşykly razyçylyga esaslanýan söwdadan başga, zatlaryňyzy öz araňyzda batyl (nähak ýere we haram ýollar) bilen iýmäň we özüňizi öldürmäň. Allanyň hemaýat etjekdigine şübhe ýokdur.” (Nisa, 29.)

Pygamberimize: “Haýsy gazanç has arassadyr?” – diýip soraldy. Pygamberimiz: “Adamyň öz elleriniň hünäri bilen hile we hyýanatdan uzak bolan söwdadyr, alyş-berişdir”-diýdi.(Sübülüs-Selam, j.3, s.4.)

Söwda jemgyýetiň zerurlygydyr.  Muny üpjün etmek şol bir wagtyň özünde-de hyzmatdyr. Netije hökmünde söwda peýdaly we dini taýdan päsgelçigi bolmaýan bir gazanç ýoludyr. Hatda pygamberimiz dogry sözli we özüne ynanylan täjiriň kyýamat güni, pygamberler, sadyklar we şehitler bilen bilelikde boljakdygyny, bagta, eşrete gowuşjakdygyny buşlapdyr.( Tirmizi, Büyü, 4; Ibn Maje, Tijaret,1.)

Bu gysgaça düşündirişden soňra esasy meselä geçeliň: Nagt söwda etmekligiň ýerlikli bolşy ýaly, nesýe nusgaly söwda-da ýerliklidir. Çünki mukaddes Gurhanda:

“Eý iman edenler! Bellenilen bir süre üçin biri-biriňize bergidar bolan wagtyňyz ony ýazyň!”(Bakara, 282.) diýlipdir.

Alymlaryň köpüsi bu aýatyň hem öwezini ödeme nusgaly satyşa hem-de karz bermäge rugsat edýändigini belläpdirler. Hut pygamberimiziň özi bir jöhitden öwezini ödeme nusgaly azyk alandygy we demirden bir tuwulgasyny-da öwezine goýandygy bilinýär.(Buhary, Büyü, 14.) Bu delillere esaslanyp, yslam alymlary nagt söwda ýaly öwezini ödeme nusgaly alyş-berşiň-de ýerliklidigi baradaky garaýyşda birleşýärler. Öwezini ödeme nusgaly, ýagny wadaly satyş ýerlikli bolan wagtyn-da nagt satyş bahasynyň üstüne wada tapawudynyň goşulmagy baradaky mesele yslam alymlarynyň arasynda dürli pikirleriň ýüze çykmagyna sebäp bolupdyr. Bu mesele bilen baglanyşykly Hanefileriň iň esasy çeşmesi bolan fykyh kitaplaryndan “El-Mebsutyň” 13-nji jildiniň 8-nji sahypasynda şeýle diýilýär: “Bir adam şunça wagt üçin şu baha, nagt görnüşde-de şu baha satyş üçin şertnama baglaşsa, ýa bolmasa bir aýlyk wada bilen şu baha, iki aý wada bilen şu baha diýse, bu söwda dogry däldir, çünki belli bir baha we degeriniň ornuna söwda edilmändir, anyk gymmaty görkezilmändir. Pygamberimiz hem bir söwdada iki şerti gadagan edipdir. Bir söwdada iki şert-de budur. Dini şertnamalarda şeýle gadagan etme şertnamanyň dogry bolmadygyny görkezýär. Bu ýagdaý satyjy bilen alyjynyň şeýle görnüşde (anyk baha baradaky şertleri goýmazdan) aýrylan halatynda şeýledir. Eger özara ylalaşyp, ýeke-täk baha boýunça şertnama baglaşsalar, onda bu ýagdaý ýerliklidir. Sebäbi bu ýagdaýda şertnamanyň hakyky bolmagynyň şertini berjaý etmezden aýrylyşmaýarlar.” Mundan gelip çykýan netije şudur:

Hakyky bolmaýan şertnama satylan zadyň nagt bahasy bilen öwezini ödeme nusgaly bahasyny alyja aýdanyndan soňra alyjynyň bu bahalardan haýsyny kabul edendigini anyklaşdyrmazdan diňe kabul edendigini aýtmak bilen çäklenmegidir. Satyjynyň aýdan bahalarynyň birini alyjy kabul eden ýagdaýynda satyş şertnamasy hakyky bolup, bu söwdanyň hem ýerlikli bolmagy zerurdyr. Şeýlelikde satyjy satýan harydynyň nagt we öwezini ödeme nusgaly bahasyny aýdandan soňra, alyjynyň “kabul edýärin” diýmegi bilen satyjy haýsy bahany kabul edendigini sorar we alyjynyň jogabyna görä söwda şertnamasy anyklaşar. Netijede, bir harydyň nagt bahasyna göterime görä tapawutly bir baha bilen wadaly satmak ýerlikli hasap edilýär.