Baş sahypa« ÜÇÜNJI BÖLÜM HALALLAR WE HARAMLAR » SOWGAT, SERPAÝ

Sowgat-serpaý (hibe) bir zady başga birine öwez ödemesiz bermek diýmekdir.  Sowgat-serpaý (hibe) beýleki ylalaşyklar ýaly, hem isleg hem-de kabul edilmek bilen ýola goýulýar, sowgat-serpaý (hibe) edilen adamyň almaklygy bilen tamamlanýar. Isleg bir adama “şu zady saňa sowgat edýärin” diýmek, kabul bolsa, şol adamyň “kabul edýärin” diýen sözüdir. Sowgat-serpaýda “bagyşladym, sowgat etdim, ýadygärlik berdim” ýaly durnukly aňlatmalar ulanylýar, şeýle hem bir adam öz aýalyna bir bezeg şaýyny berip, “al, dakyn” ýa-da “al ulan” sözleri-de garşylyksyz eýe bolmaga delalat bolýandyr. Maşgalasynyň muny kabul etmegi bilen sowgat ylalaşygy hakykata öwrülýär. Sowgat-serpaý adamlaryň özara gatnaşygynyň artmagyna sebäp bolýar, şeýle hem bu ýagdaý birek-biregi goldawyň hem ajaýyp nusgasydyr. Pygamberimiz şeýle diýipdir: “Biri-biriňize sowgat beriň, goý, araňyzdaky söýgi has-da artsyn.”(Buhary, Edebül-Müfred.)

Sowgat-serpaý edilen zady hiç zat geplemezden, ýöne almak hem kabul edilen hasaplanylýar.

Sowgat-serpaýyň şertleri

a.       Sowgat edeniňde zerur bolan şertler

Sowgat-serpaý edeniň akylly we agy-garany saýgarýan bolmagy şertdir. Çaga bilen däliniň eden sowgady hakyky däldir. Şonuň ýaly çaga degişli bolan bir zady kakasynyň sowgat bermegide ýerlikli däldir.

b.      Sowgat-serpaý edilen zatda bolmaly şertler

1. Sowgat edilende, sowgat beriljek zat şol wagtda bolmalydyr. Bir agajyň geljekde boljak miwesini, bir sygryň boljak gölesini sowgat etmek ýerlikli hasap edilmeýär, sebäbi bular heniz bar bolmaýan, ýagny ýok zatlardyr. 

2. Sowgat edilýän zat dini taýdan haram bolmaly däldir, halal bolmalydyr. Şoňa görä maslyk, läş, gan, doňuz sowgat berilmez. Çünki bular dini düşünjä görä, gadyr-gymmaty bolmaýan zatlardyr.

3. Sowgat edilen zat sowgat edeniň özüne degişli bolmalydyr. Başgasyna degişli bolan bir zady eýesiniň rugsady bolmazdan sowgat etmek ýerlikli däldir.

4. Sowgat edilen zat kabul edilip alynmalydyr. Sowgat bermek işiniň gutarnykly tamamlanmagy üçin bu esasy şertdir. Sebäbi sowgat edilen zat kabul edilip alynmadan özüne bagyşlananyň zady bolup bilmez.

Sowgat-serpaýyň asyl özeni

 Sowgat-serpaýyň asyl manysy sowgat edilen zat öwez ödemesiz görnüşde onuň özüniňki bolar, şahsy eýeçiligine geçer.

Sowgat-serpaýdan ýüz öwürmek

 Sowgatdan ýüz öwürmek mümkindir, başgaça aýdylanda, ondan ýüz öwürmek hem ýerlikli hasap edilýär, ýöne mekrudyr, gelşiksizdir. Sebäbi, bu hakda pygamberimiz şeýle diýipdir:  “Sowgat-serpaýdan ýüz öwren edil gusugyny iýene meňzeşdir.”(Müslim, Hibat, 2.)

Şafi we Hanbelilere görä, kakanyň öz çagasyna eden sowgadyndan başga, sowgatdan ýüz öwürmek halal däldir. Pygamberimiz şeýle diýipdir: “Çagasyna bir zat sowgat eden kakadan başga adamyň eden sowgadyndan ýüz öwürmesi halal däldir.”( Tirmizi, Buyu, 62; Ibn Maje, Hibe, 2.)

Sowgatdan ýüz öwürmeklige päsgel bolýan sebäpler

 1. Sowgat edilen zatda beren adam tarapyndan gymmatyny artdyryjy nusgada bir üýtgeşikligiň edilmegi. Sowgat edilen jaýa sowgat edilen tarapyndan nepil girizilmegi.

2. Sowgat edilen zady özüne alandan soňra taraplaryň biriniň aradan çykmagy.

3. Sowgat edilen zadyň haýsydyr bir sebäp bilen sowgat edilen adamyň eýeçiliginden çykmagy. Sowgat edilen zadyň sowgat edilen tarapyndan satylmagy mysaly.

4. Sowgat edilen malyň ýitmegi.

5. Adamsynyň aýalyna, aýalynyň adamsyna sowgat bermegi.

6. Öz tohum-tijinden bolan dogan-garyndaşlaryna sowgat bermegi.

7. Bir zadyň öwezine sowgat berilmegi. Ölene çenli seretmek, saklamak üçin sowgat etmek mysaly. Ynha, bu sanalyp geçilen sebäpler sowgatdan ýüz öwürmäge päsgelçilik döredýär.

Kakanyň çagalaryna sowgat etmegi

 Bir adamyň başga adamlara sowgat berip bilşi ýaly, ol öz çagalaryna sowgat berip bilýär. Bir kakanyň çagalaryna sowgat beren wagtynda deňlik düzgüninden ugur almagyň peýdalydygy, deňsizlik etmegiň mekrudygy, nädogrudygy baradaky pikirde yslam alymlarynyň köpüsi birleşýärler.

Egindeşlerinden Numan b. Beşir (r.a.) şeýle diýipdir: “Kakam maňa sowgat berdi. Ejem Rewaha Amre kakama:

-“Sen sowgat meselesinde pygamberimizi şaýat tutmasaň, muňa ynanmaryn”-diýdi. Şondan soňra Beşir pygamberimiziň ýanyna gelip: “Eý, Allanyň resuly, meniň maşgalam Rewaha gyzy Amreden bolan çagama sowgat etdim. Ýöne Amre sizi şaýat tutmagymy isledi”-diýdi. Şonda pygamberimiz:

-“Numana edişiň ýaly beýleki çagalaryňa-da sowgat etdiňmi?” –diýip sorady. Beşir:

-“Ýok, etmedim”-diýipdir. Şondan soňra pygamberimiz:  

“Allatagaladan gorkuň we öz çagalaryňyzyň arasynda adyllygy berjaý ediň”-diýipdir.  Numanyň aýtmagyna görä, “kakam pygamberimiziň ýanyndan gaýdyp geldi we sowgat eden zadyny yzyna aldy.”(Buhary, Hibe, 13; Müslim Hibat, 3.)

Çagalardan birnäçesine tapawutly sowgat etmek ýerlikli bolsa-da, mekrudyr. Bu ýagdaý çagalaryň kakalaryna bolan hormatyny azaldar we doganlaryň arasynda gysganjy döreder, hatda duşmançylygyň ýüze çykmagyna sebäp bolar. Ýöne üýtgeşik sowgadyň hakyky bir sebäbi bar bolsa, mysal üçin, çaga kör, ysmaz ýa-da haýsydyr bir kemçilik ýagdaýy bolsa, onda oňa beýleki çagalardan üýtgeşik sowagat berilmeginiň zyýany ýokdur.