Baş sahypa« ÜÇÜNJI BÖLÜM HALALLAR WE HARAMLAR » MAL SOÝMAK (JANLY ÖLDÜRMEK)

Eti iýilýän gury ýerde ýaşaýan mallaryň halal bolmagy üçin düzgünine görä soýulmagy zerurdyr.

Mal soýmagyň iki görnüşi bardyr

a) Adaty soýma:  Öý haýwanyny düzgünine görä damagyny çalyp soýmakdyr.

b) Mejbury soýma:  Adaty soýmanyň mümkin bolmadyk ýerinde mejbury soýma berjaý ediler. Gaçan bir öý haýwany tutup bolmasa ýa-da guýa, çukura gaçyp, şol ýerden hem janly çykarmak mümkinçiligi bolmasa, aw abzallary bilen urmak, netijede-de soýlan hasaplamak mysaly.

Mal soýmaga rugsat edilenler Aşakda ýazylan häsiýetleri bolan adamlaryň soýan maly halal bolar:

1. Musulman bolmak.

2. Kitaba ynananlardan biri bolmak. “Ehl-i kitap” aýtgysynyň manysy pygamberlerden we asmandan inen kitaplardan birine ynanan adamlar diýmekdir. Jöhitler we hristianlar mysaly. Olaryň yslam ülkelerinde ýaşamagy bilen öz ýurtlarynda ýaşamagynyň arasynda bir tapawut ýokdur. Mukaddes Gurhanda şeýle diýilýär: “Özlerine kitap iberlen (jöhit, hristian we şm.) iýmiti size halaldyr, siziň iýmitiňiz-de (soýan malyňyz-da) olara halaldyr.”(Maide, 5.)

Ýöne maly soýan wagtynda hristianlaryň Mesihiň, jöhitleriň Uzeýiriň adyny tutandygy bilinse, onda olaryň soýanlary halal bolmaz. Çünki, mukaddes Gurhanyň “Maide” süresiniň üçünji aýatynda eti haram edilenleriň sanawynda “Allatagaladan başgasynyň adyna soýlan” diýlendir we şolaryň etleriniň haramdygy ýörite bellenilendir. Butparazlar bilen otparazlaryň hem-de “bismillany” bilgeşleýin goý-bolsun edenleriň soýany halal bolmaz.       

3. Akylly bolmak. Kämillik ýaşyna gelen bolmagy şert däldir. Agy-garany oňat saýgaryp bilýän düşbi oglanyň soýan malyda halaldyr. Agy-garany saýgaryp bilmeýäniň, däliniň, serhoşyň soýan maly halal däldir.( Şafilere görä, däli bilen serhoşuň soýan malyda mekru bolmak şerti bilen halaldyr.)

Mal soýmaga rugsat edilenleriň erkekmi we zenanamy, ýa bolmasa başga şertleri nukdaý nazaryndan malyň etiniň halal bolmagy babatdan üýtgeşik tapawut ýokdur, ýagny hemmesiniň soýany iýilýär. Mal soýmanyň şertleri 

1. “Bismilläni” aýtmak, “Bismillahi Allahu Ekber” diýip, soýmaga başlamakdyr. “Bismilläni” bilgeşleýin goýbolsun edilse, soýlan haýwanyň eti iýilmez. Ýöne “bismilläni” ýatdan çykarylyp aýdylmadyk bolsa, onda zyýany ýokdur.(Şafilere görä, mal soýlanda, “bismilläni” aýtmak şert däl, sünnetdir. Eger haýwany soýan “bismilläni” bilip ýa-da bilmän goýbolsun etse, soýlan malyň eti halaldyr. Ýöne bilip “bismilläni” goýbolsun etmek sünnet bilen bir ýere sygyşmaýandygy üçin mekrudyr.)

2. Bokurdak we gyzylödek bilen iki uly damarynyň ýa-da bokurdak we gyzylödek bilen iki uly damarynyň biriniň kesilmegi. Bu dört organyň ýarysy ýa-da ondan az bölegi, meselem, diňe uly damarlary ýa-da diňe gyzylödek, ýa bolmasa bulardan diňe biri kesilse, onda halal bolmaz.(Ymam Muhammede görä, bu dört organdan her biriniň köp bölegi kesilmedik halatynda, mal halal bolmaz. Mälikilere görä bolsa, hökmany bu dört organyň hemmesiniň kesilmegi zerurdyr. Şafi we Hanbelilere görä bolsa gyzylödek bilen bokurdagyň kesilmegi zerurdyr. Uly damarlarynyň kesilmegi bolsa gerekli bolman, şolar ýeterlikdir.)