Baş sahypa« ÜÇÜNJI BÖLÜM HALALLAR WE HARAMLAR » Ýaryşlarda alnan sylaglar halaldyr

Bedeni berkedip has güýçlendirmek we harby tälim ukybyny ösdürmek maksady bilen berjaý edilen ylgaw ýaryşy, ok atyş, at ýaryşy we göreş ýerlikli oýunlardyr. Pygamberimiz ata münme we ok atma hünärlerini bilen gyzyklanypdyr, at ýaryşyny guradypdyr.( Buhary, Jihad, 56; Müslim, Imare, 25.)

“Çagalaryňyza suwda ýüzme we atçylyk, zenan maşgalalarada ýüp egirmegi öwrediň”( Keşfül-Hafa, j. 2, s.68.) diýen hadysynda erkek we gyz çagalaryň döwrüň şertlerine görä terbiýe-tälim berilmelidigini beýan edipdir. Pyamberimiziň maşgalasy hezreti Äşe (r.a.) şeýle diýipdir: “Bir sapara çykylan wagt pygamberimiz bilen ýaryşdym we ondan ozdum. Şondan ep-esli wagt geçenden soňra, ýene bir gezek ýaryşdyk, ýöne bu gezek agramly bolandygym üçin, Resululla menden ozdy we şonda “Bu öňki ýaryşyň gaýtargysydyr”(Ebu Dawut, Jihad, 68.) diýdi. Hezreti Omar hem Şam halkyna ýazan hatynda: “Çagalaryňyza suwda ýüzmegi we at münmegi öwrediň”( Feýzul-Kadyr Şerhu, Jamius-Sagyr, j.4, s.327.) diýip maslahat beripdir.  Ýaryşlarda üstünlik gazanan ýaryşçylara üçünji biri ýa-da gurama tarapyndan sylag bermekligiň ýerlikli bolşy ýaly, berlen sylag-serpaýy almakda oňatdyr. Iki adamyň “eger sen menden ozsaň, saňa şunça pul bererin, ýöne men senden öň gelsem hiç zat aljak däl” diýip şert goýlan ýaryş hem ýerlikli hasaplanylýar. Şunuň ýaly ýeke-täk taraply şert goýmaklygyň haram bolmaýşy ýaly, şerte görä ýeňen tarapyň şert goýlan sylagy almaklygy-da zyýanly däldir.( Dürrül-Muhtar, j. 5, s.396; Dürer, j.1, s.321.)

Ylmy ýaryşmalar hem şonuň ýalydyr. Iki adam ylmy mesele boýunça çekişme gurasalar we olaryň biri beýlekisine: “Mesele seniň diýşiň ýaly bolsa, onda saňa şunça pul baýragyny berjek, ýöne meniň aýdyşym ýaly bolsa, senden zat aljak däl” diýip şert goýsa, bu hem ýerlikli hasaplanýar.( Dürrül-Muhtar, j. 5, s.396; Dürer, j.1, s.321.)

Şunuň ýaly bir taraplaýyn şertlerde orta goýlan puly ýeňen tarapyň almagynda bir päsgelçilik ýa-da mümkin bolmaýan zat ýokdur. Ýaryşda taraplaryň ikisi-de şert goýsa, ýagny bir beýlekisine: “Men ýeňsem, sen şunça pul berjeksiň, sen ýeňseň, menem saňa şunça pul bereýin” diýip garşylykly şert goýmaklary humardyr we haramdyr.(Şol ýerde.)