Baş sahypa« ÜÇÜNJI BÖLÜM HALALLAR WE HARAMLAR » ÝERDEN TAPYLAN ZAT

Bir adam ýitig zat ýa-da mal görse, ony almalymy ýa-da oň elini degirmän, gören ýerinde galdyryp geçip gidibermelimi?! Bu mesele boýunça yslam alymlarynyň arasynda tapawutly garaýyşlar bardyr. Amatlysy ýitigi almakdyr. Sebäbi musulman din doganynyň zadyny goramaklyga, aýamaklyga borçludyr.  Pygamberimiz musulman doganyna hemaýat eden adama jenaby Hakyň kömek etjekdigini beýan edipdir. Bir adam ýitig zat ýa-da mal tapan wagtynda ony almadyk halaty ýitip-ýok boljak bolsa, ony eýesine bermek niýeti bilen alsa, haýyrlydyr, ýitip-ýok bolmajak bolsa-da, ony almagy peýdalydyr. Ýöne ýitig zady eýesine bermek maksady bilen däl-de, özüne almak üçin bolsa, onda ol haramdyr. Pygamberimiz şeýle diýipdir: 

“Ýitig bolan bir zady diňe azan, ederini bilmez adam öz eýeçiligine geçirer.”( 1 Müslim, Lukata, 1; Ibn Maje, Lukata, 1; Ebu Dawud, Lukata, 1.)

Ýitig zady tapan adam ony goramak we eýesi tapylan halatynda öz eýesine bermek üçin alandygyny şaýatlaryň ýanynda aýtsa, şol zat onuň ýanynda amanat galar. Şol zat tapan adamyň elinde zaýalansa, könelse, onda ony tölemeklige jogapkär bolmaz. Sebäbi tapan zadyny eýesine gowşurmak üçin şaýatlaryň ýanynda ony almaklyga dini taýdan rugsat berlendir. Pygamberimiz şeýle diýipdir: 

“Eger kimde kim bir ýitig zat tapsa, derrew iki sany adyl kişini özü-ne şaýat tutsun…” (Ibn Maje, Lukata bölümi; Ebu Dawyt, Lukata bölümi.)

Şaýatlara “Kimde kim zat ýitiren bolsa, oňa meni salgy beriň” diýmegi ýeterlikdir.  Eger ýitig zady tapylan adam şaýatlaryň ýanynda ony anyk görnüşde aýtmadyk halatynda, ýitigi öz adyna geçiren hasap ediler. Bu ýagdaýda ýitigiň zaýalansa, könelse ýa-da harap bolsa, onda şol zady tölemeklige jogapkär bolýar.  Ýitigi tapan adamyň berjaý etmeli işleri Ýitigi tapan adam ony tapan ýerinde amatly serişdeler bilen yglan etmeli we “zadyny ýitiren maňa ýüz tutsun” diýip ýazmaly, salgy bermeli.  Bu bildirişiň süresi tapylan zadyň jynsyna we mukdaryna görä üýtgär.  Tapylan zadyň bahasy on dirhem (bir dirhem üç gramdan gowrakdyr) ýa-da ondan köp bolsa, eýesini tapmak üçin bildiriş berlip, bir ýyllap saklanar. Berlen bildirişiň soňunda eýesi tapylsa, oňa berler. Eger eýesi tapylmadyk ýagdaýynda garyplara, ýetimlere paýlanylýar. Tapylan zadyň bahasy on dirhemden az bolsa, onda bildiriş berip, birnäçe gün garaşmak ýerlikli bolar.  Ýitig bolan zat bildiriş edilenden soňra eýesi tapylmasa, ony tapan adam barly bolsa, ondan peýdalanmagy dogry bolmaz, garyplara sadaka hökmünde paýlamak zerurdyr. Sebäbi başga birine degişli bolan bir zatdan onuň razylygy bolmazdan peýdalanmak dogry däldir. Pygamberimiz şeýle diýipdir:

“Tapylan mal halal bolmaz. Ony tapan adam bir ýyllap bildiriş etsin, eýesi tapylsa, oňa bersin, eýesi tapylmasa, ony sadaka edip paýlasyn.”( Nesbur-Raýe 3/ 466, Bezzar we Dare-Kutni aýdypdyr.)

Eger ýitig zady tapan garyp bolup, eden bildirişi netijesinde eýesi çykmasa, ondan peýdalanyp biler. Bildiriş wagty geçeninden soňra zat eýesi tapylsa, islese berlen sadakany kabul eder we sogaby özüne degişli bolar. Eger kabul etmese, zady tapana töleder. Eger şol zat garybyň elinde bolşy ýaly bar bolsa, onda ony alyp biler.