Baş sahypa« ÜÇÜNJI BÖLÜM HALALLAR WE HARAMLAR » Maly soýmanyň usuly.

  Uly we ýiti bir pyçak taýýarlanylmaly. Maly ynjytmadan soýuljak ýere getirmeli. Düýeden başga mallary kybla dogry edip, sol (çep) taraplarynyň üstünde ýatyrmaly. Aňsat bolmagy üçin üç aýagyny güýlmeli. Soňra soýjak adam “Bismillahi Allahu Ekber” diýmeli, ara wagt salmazdan, bokurdak we gyzylödek bilen iki sany uly damary kesmeli. Jany oňat çykmagy üçin biraz garaşmaly, soňra derisini ýüzmeli. Agry duýmasyn diýip elektrik tok bilen özünden gitdirilenden soňra mal heniz ölmezinden öň, usulyna görä damagy çalynsa, eti iýler, ölenin-den soňra, ýagny jany çykandan soňra damagy çalynsa, eti iýilmez. Kellesine ok atylyp damagy çalnan mal hem şonuň ýalydyr. Kellesine ok atylanyndan soňra ölmedik bolsa we damagy çalynsa, eti iýler, ölen bolsa-da eti iýilmez.  Soýlan haýwanyň garnyndan çykan guzy, göle… we şm.

a. Öli bolsa, eti iýilmez.

b. Malyň damagy çalnanyndan soňra guzusy (gölesi…) janly dogsa we ölmezden öň soýuljak bolsa halal bolar.

ç. Malyň damagy çalnandan soňra guzy (göle…) öli bolsa iýilmez. Sebäbi enesiniň damagy çalynmagy körpesiniň damagynyň çalynmagy däldir. Soýulmagy üçin-de janly bolmagy zerurdyr.(Ebu Ýusuf we ymam Muhammet bilen beýleki messepleriň ymamlary malyň körpesiniň enesine tabyn bolýandygyny, enesiniň damagynyň çalynmagy bilen onuň hem damagynyň çalynýandygyny beýan edýärler)