Baş sahypa« ÜÇÜNJI BÖLÜM HALALLAR WE HARAMLAR » WESÝET

Wesýet: bir zady ýa-da bähbitli işi ölümden soňraky wagta baglap, bir şahsa ýa-da haýyrly gurama bagyşlamak şerti bilen miras galdyrmak diýmekdir.  Wesýet kitaba we sünnete ynananlar bilen baglanyşykly bolan we dini taýdan ykrar edilen ylalaşykdyr. Adam käbiriniň durmuş ýagdaýyna seredip, ýaşaýyş kynçylyklaryna garap, eli gysga, maly, mülki, mirasy bolmaýan garyndaşlaryna kömek etmek isleýär, bu dünýäde haýyrly iş edip, o dünýäde sogap gazanmagy arzuw edýär. Garyp-gasarlara, ýeterýetmezlere, ýetimlere öz malyndan, mülkünden bir zat aýyrmagy, paý bermegi ahyretiň gazanjy diýip düşünýär. Ynha, wesýet şu we şuňa meňzeş oňat duýgudyr düşünjä esaslanyp, şonuň netijesinde berjaý edilýän ýagdaýdyr.

Wesýetiň görnüşleri

 Wesýetiň dört görnüşi bardyr:

a.       Wajyp bolan wesýet

Ýanynda bar bolan amanatlary, näbelli mukdardaky karzlary eýelerine bermek; zekat, haj, oraza öwezödemesi we keparat ýaly ybadatlar bilen baglanyşykly borçlarynyň tölenmegini wesýet etmek wajypdyr. Eger beýle edilmedik halatynda ol bergili bolup ahyrete giden hasaplanylýar.

b.      Sogap bolan wesýet

Mirasy we borjy bolmaýan adamyň öz zadynyň bir bölegini haýyrly iş üçin wesýet etmegi sogapdyr. Ýöne bu wesýeti etmeklige mejbur däldir. Emma bu wesýeti eden adam Allatagalanyň öňünde ýagşylyk tapar, hemaýat görer.

ç. Adaty wesýet

Ýakynlaryndan we daşary ýurtlulardan barly bolanlara edilen wesýet adaty wesýetdir. Şunuň ýaly ýagdaýy oňat bolan barlylara wesýet etmekligiň zyýany ýokdur.

d.Mekru bolan wesýet 

Açyk görnüşde günä edýänlere we Allatagalanyň buýruklaryna garşy bolanlara wesýet etmek mekrudyr. 

Miras taýdan garyp bolan adamyň wajyp bolan wesýetinden başga wesýet etmän, zadyny mirasdüşerlerine galdyrmagy has oňatdyr. Mirasdarlar barlydyr ýa-da özlerine düşjek miras olary başga adam-lara mätät etmejek bolsa, onda bu ýagdaýda wesýet etmegi ýerlikli bolar we haýyr gazanar. Pygamberimiz ýarawsyz bolan Sad b.Wakkasy (r.a.) soramak üçin gidipdir. Şonda Sad: “Eý Allanyň resuly, zadymyň hemmesini wesýet etmek isleýärin”- diýipdir. Onda pygamberimiz:

- “Ỳok, beýle etme” diýipdir. Sad:

“O bolmasa, ýaryny wesýet edeýin”-diýipdir. Ýene pygamberimiz:

“Ýok, ýary-da bolmaz”-diýipdir. Ahyrynda Sad:

“Onda zadymyň üçden birini wesýet edeýin”- diýipdir. Mundan soňra pygamberimiz: 

“Ynha, munyň boldy, üçden biri ýeterlik, hatda ol hem kändir, çünki eý Sad mirasyňy barly görnüşde taşlaman, eýsem halka elleriňi açyp, dileg etjek derejedäki görnüşde galmagyňdan has haýyrlydyr”(Buhary, Wesaýa, 2; Müslim, Wesaýa, 1.) diýipdir.  Haýyr, peýda üçin ediljek wesýeti ölümden soňa galdyrman, sag wagtyňda etmek hasda peýdalydyr. Sebäbi bu wesýetiň mirasdüşerler tarapyndan ýerine salynjagy anyk belli bolmaýar. Mundan başga-da bir adamyň özüniň etmedik işini başga biriniň üstüne ýüklemegide gelşiksizdir. Pygamberimize: “Haýsy sadaka has peýdaly?” diýip sorapdyrlar. Onda pygamberimiz: “Saglygyňda garyplykdan gorkanyň, baý bolmagy arzuw edeniň üçin ýeter-ýetmezkäň beren sadakaň has peýdalydyr. Haçanda “iki aýagyňy bir gonja sokaňdan soňra”, ýagny jan bogaza gelen wagty pylana şunça, ýene birine şunça bolsun” diýeniňden peýda ýokdur. Şonsuz hem bu zatlaryň hemmesi olaryňky bolandyr.”(Buhary, Wesaýa, 7; Müslim, Zekat, 31.)-diýipdir. 

Wesýetiň asyl manysy

Wesýetiň asyl manysy beýleki alyş-beriş ylalaşyklarynda bolşy ýaly isleg bilen kabuldan ybaratdyr.

Isleg “şu zadymyň üçden birini şunuň ýaly haýyrly işe bagyşlamagy wesýet etdim” ýa-da “şu malymy şu adama bagyşlamagy wesýet etdim”, “Özümden soňra galan zadymyň üçden biri pylan kese berilsin” ýaly anyk sözlerdir.  Kabul bolsa “edilen wesýeti kabul etdim”, “makul” diýmekden ýa-da wesýet eden aradan çykandan soňra özüne wesýet edilen adamyň ony kabul edendigini görkezip, şol zatdan sowmadygyny subut etmeginden ybaratdyr. Eger wesýet ýoksullara, ýeter-ýetmezlere, haj, metjitleriň zerurlyklary üçin edilen bolsa, şunuň ýaly ýagdaýda kabulyň geregi ýokdur.(Ymam Zufere görä, wesýetde makullamaklyga zerurlyk ýokdur. Çünki özüne wesýet edilen miras derejesindedir. Mirasyň kabula gerek bolmaýşy ýaly, wesýet edileniň-de makullamagyna gerek ýokdur.)

Wesýeti söz bilenem, hat üsti bilenem edip bolýar. 

Wesýetiň şertleri

a. wesýet eden adam bilen baglanyşykly şertler

1. Wesýet eden bagyşlamak üçin akylly we kämillik ýaşyna ýeten bolmaly. Şu nukdaýnazardan seredilende, däli bilen çaganyň wesýeti ýerlikli we dogry däldir.

2. Wesýet eden isleg bildirip we razyçylyk berip wesýet etmelidir.  Ýalňyşlyk bilen ýa-da güýç ulanylyp, degişmä salyp edilen wesýet hakyky wesýet hasap edilmeýär.

3. Wesýet eden adam azatlykda, erkinlikde bolmalydyr.

4. Wesýet eden adam galdyran zadynyň hemmesini tölejek görnüşde bergili bolmaly däldir. Bu ýagdaýda bergiliniň bergisiniň tölenmegi wajyp bolup, bagyşlama babatdaky wesýetiniň manysy galmaz.

b. özüne wesýet edilen bilen baglanyşykly şertler 

1. Özüne wesýet edilen adam wesýetiň edilen wagtynda aýatda diri bolmalydyr. Aradan çykan adama edilen wesýet hakyky däldir. Ýöne dogulmasyna garaşylýan çaga üçin wesýet edilip bilner.

 2. Özüne wesýet edilen adam tanalýan adam bolmalydyr. Bir adam “malymyň üçden birini Ahmede” ýa-da “Hasana bermekligi wesýet etdim” diýse ýa-da umumy görnüşde “malymy birine bermekligi wesýet etdim” diýse, bu wesýet hakyky bolmaz. Sebäbi “Ahmet” bilen “Hasan” diýýäninden kimi göz öňünde tutýany belli däldir.

3. Özüne wesýet edilen adam wesýet edeni öldüren bolmaly däldir. Wesýet bereni öldürene wesýet etmek hakyky däldir.

4. Özüne wesýet edilen adam wesýet edene mirasdüşer bolmaly däldir. Ýöne ondan başga mirasdüşeri bolmasa ýa-da mirasdüşeri bolup, olar rugsat berseler, bu wesýet ýerlikli hasap edilýär. Pygamberimiz şeýle diýipdir:

 “Hakykatdan hem Allatagala her bir hak eýesine mirasdan öz hakyny berendir. Şonuň üçin mirasdüşere wesýet ýokdur.”(Ibn Maje, Wesaýa, 6; Tirmizi, Wesaýa, 5.)

Başga bir hadysda bolsa şeýle diýipdir: 

“Mirasdüşerleriň rugsat bernedik ýerinde mirasdüşere wesýet ýokdur.”(Neýlül-Ewtar, j.6, s.40 (Hadysy Darekutny aýdypdyr.))

ç. wesýet edilen zat bilen baglanyşykly şertler

1. Wesýet edilen zat belli bir haryt ýa-da bähbit ýaly başgasynyň eýeçiligine geçirilip bilinjek jynsdan bolmalydyr.

2. Wesýet edilen zat dini taýdan gymmaty bolan, ýagny ondan peýdalanyp bolýan zat bolmalydyr. Içgi ýaly dinde deregi ýa-da gadyry bolmaýan zatlar wesýet edilmeýär.

3. Wesýet edilen zat hut şol wagt başgasynyň eýeçiligine geçip biljek zat bolmalydyr. Geljekde guzulajak dowaryň içini wesýet etmek hakyky wesýet däldir.

4. Wesýet edilen zat wesýet eden adamyň eýeçiliginde bolmalydyr.

Başga birine degişli bolan zady wesýet etmek hakyky däldir.

5. Wesýet edilen zat dini taýdan ýerlikli hasap ediýän zat bolmalydyr, günä gazanmaklyga sebäp boljak zat wesýet edilmez.

-Aradan çykandan soňra aglamak üçin pula tutulan zenanalar üçin üç gün nahar berilmegini,

-Öýünde jaýlanylmagyny,

-Jynazasyny pylan kesiň okamagyny,

- Şu görnüşli ýa-da şu reňkli bizden kepen edilmegini,

- Gabrynyň üstünde gümmez edilmegini,

-Mazaryň başynda Gurhan okajak mollalara şunça pul berilmegini,

- Öýünde ýa-da mazarynyň başynda Gurhan okalmagyny wesýet etmek bolmaýar.(Has giňişleýin maglumat üçin Ibn Abidin, j.5, 654-nji sahypa serediň.)

Terekäniň üçden birinden köp bolan wesýet

 Her bir adam öz eýeçiligine degişli bolan zadynyň diňe üçden bir bölegini wesýet etmäge haky bardyr. Zadynyň üçden birini şertlerine laýyklykda wesýet eden halatynda bu wesýetiň mirasdarlary tarapyndan ýerine salynmagy hökmanydyr. Eger bu berjaý edilmese, onda olar Allatagalanyň öňünde jogap bermeli bolarlar. Ýöne edilen wesýet ýogalanyň zadynyň üçden bir böleginden köp bolsa, mirasdüşerleriň muny kabul eden ýagdaýynda ýerine ýetiriler. Eger olar muny kabul etmeseler, onda zadyň üçden bir böleginden köp bolan bölegi aýrylyp, onuň zadynyň diňe üçden bir böleginiň wesýeti berjaý ediler. Eger mirasdüşerlerden bir bölegi kabul edip, beýleki bölegi-de muňa närazy bolsa, onda kabul edenleriň mirasdaky paýyndan aýrylyp, wesýet ýerine ýetiriler.

Hajyň wesýet edilişi

 Bir adam özüne parz bolup, ýerine salmadyk hajylygyny berjaý etmek üçin ornuna biriniň iberilmegini wesýet eden halatynda, bu wesýet mirasdüşerleri tarapyndan berjaý ediler.