Baş sahypa« BIRINJI BÖLÜM YNANÇ » Alla bolan söýgi

Söýgüleriň iň beýigi Alla bolan söýgüdir. Biz ata-enemizi söýeris. Çünki, olardan gatnaşyk we söýgi gördük, asuda we erkinlik, edep-terbiýe aldyk, olar bilen önüp-ösdük. Bizi ýetişdirmekde we özbaşdak durmuşa taýýarlamakda dürli kynçylyklara döz gelip, biz üçin elinde baryny edipdirler. Şonuň üçin biz olar söýýäris. Allany näme üçin söýmelidiris? Geliň, pikirlenip göreliň: Bizi ýaradan we bize ummasyz nygmatlary beren kimdir? Bizi akyl we düşünje ýaly ýokary derejedäki ukyplardyr başarnyklar bilen üpjün eden we beýleki barlyklary biziň hyzmatymyza beren kimdir? Şübhesiz, Allatagaladyr. Eger şeýle bolýan bolsa, onda iň ýokary derejedäki söýgä mynasyp bolan hem oldur. Şonuň üçin ony ähli zatdan has köp söýmelidiris. Allany söýmek ony bilmeklige we tanamaklyga baglygydyr. Çünki, ynsan diňe bilenini, tananyny söýer. Şonuň üçin Allany söýenler diňe oňa ynananlardyr. Bu barada mukaddes Gurhanda şeýle diýilýär: 

“Adamlaryń arasynda Allany goyup ońa şärik goşanlar bar, Olary Allamyz söýüşleri ýaly söýýänler ıman edenleriń Alla söygüsi bolsa olaryń hemmesinińkiden güýçlidir.”( Bakara: 165) Biz Allany nädip söýmeli? Allany söýýäris diýmek ýeterlik däldir. Munuň bir alamaty, nyşany bolmalydyr. Ol hem iberen we ýörite wezipe beren soňky pygamber Hz. Muhammedi uýmakdyr. Onuň ýoly bilen ýöremekdir we arassa ahlaga eýe bolmakdyr. Bu şol bir wagtyň özünde-de Allanyň buýruklaryna boýun bolup, onuň gadagan eden zatlaryndan gaça durmak diýmekdir. Bu barada mukaddes Gurhanda şeýle diýilýär:

“Eý Muhammet, şuny aýt: Allany söýýän bolsaňyz, maňa uýuň, Alla-da sizi söýsün we günäleriňizi bagyşlasyn. Alla bagyşlaýjydyr we rehimdardyr.”( Al-i Imran: 31) Diýmek, ynsanyň diňe “Men Allany söýýärin” diýmegi ýeterlik däldir. Allany söýmek diýmek onuň pygamberinide söýmek diýmekdir. Pygamberiňi söýmek bolsa her bir işinde ony nusga almakdyr hem-de onuň sünnetine boýun bolmakdyr. Ynsan söýenini hiç wagt unutmaz. Allany söýenlerde ony unutman, hemişe ýatlarlar. Bir adamyň öz söýenini ýygy-ýygydan ýatlamaklygy we onuň hoşal boljak hereketlerini etmekligi ýaly oňat zat bolup bilermi, eýsem? Allany ýatlaýanlary Allada ýatlar. Çünki, Alla özi üçin edilen her bir zady öwezsiz galdyrmaz, boş goýmaz. Ony söýeni ol hem söýer. Ondan dileg edeniň dogasyny yzyna boş gaýtarmaz. Onuň howpsuzlygyny üpjün eder we derejesini beýgelder. Mukaddes Gurhanda şeýle diýilýär:

“Siz meni ýatlaň, men sizi ýatlaýyn.” (Bakara: 152)