Baş sahypa« BIRINJI BÖLÜM YNANÇ » Allanyň rahmeti

Rahmet - howandarlyk etmek, goramak diýmekdir. Allatagala bütin ýaradan zatlaryny, esasanam adamalary gorar we oňa howandarlyk eder, hossarlyk eder. Çünki, ol “rahman we rahymdyr”, Rahmandyr, dünýäde ähli ýaradan janly-jandaryna merhemet eder. Rahymdyr ahyretde ynananlara tükeniksiz rehimdarlyk etjekdir. Jenab-y Hakyň bu iki häsiýeti Fatiha süresinde orun alypdyr we ençeme aýatlarda geçipdir. Allanyň rahmeti her bir zady gurşap alandyr, biziň bar bolmagymyz we ummasyz möçberdäki nygmatlara gowuşmagymyz onuň rahmetiniň bir netijesidir. Allanyň bize, gullaryna eden merhemediniň ýanynda ene mähirliligi-de ejiz geler. Bir söweşde alnan ýesirleriň arasynda emzikli bir aýalda bardy. Ýöne bu aýal öz çagasyny ýitiripdi. Ol göwsüne inen süýdi sagýardy-da, çagalara berýärdi. Bu aýal birden ýesirleriň arasynda çagasyny tapyp, derrew ony bagryna basýar we uludan bir nepes alyp, ony mähir bilen emdirmäge başlaýar. Muny gören pygamberimiz şol ýerde bolanlara:

-Şu aýal heý-de çagasyny oda atar öýdýärsiňizmi? –diýip sorady.

- Ýok, güýji ýetýänçä-hä asla atmaz- diýdiler. Onda pygamberimiz:

-Ine, Allatagala gullaryna bu aýalyň çagasyna bolan mährinden-de has merhemetlidir.”( Buhary, Edep, 18) diýdi.  Alla dünýäde bolşy ýaly ahyretde hem musulman gullaryna merhemet etjekdir. Ahyretdäki rahmeti dünýädäki merhemeti bilen deňeşdireniň-de has-da köp boljakdyr. Çünki Allatagala rahmetini ýüze bölüp, diňe bir bölegine ýer ýüzüne inderipdir, togsan dokuz bölegini bolsa ýanynda saklapdyr, ahyrete goýupdyr. Ähli janly-jandarlaryň biri-birlerine gynanmaklaryna, eneleriň perzentlerini mähir bilen bagyrlaryna basmaklaryna Allanyň rahmeti sebäp bolandyr. Ahyret güni Allanyň musulman gullaryna bolan merhemedini gören inkär edijilerde bu rahmetden umyt etjekdirler.