Baş sahypa« BIRINJI BÖLÜM YNANÇ » Iman asudalyk we bagt-eşretlilik çeşmesidir.

Iman ynsanyň iň gymmatly hazynasydyr. Garaňkylyk bilen ýagtylygyň bir bolmaýşy ýaly, ynanan ynsan bilen ynanmadyk adamda deň däldir. Ynanan ynsanyň Allanyň öňünde we ynsanlaryň ýanynda mynasyp orny hem-de gadyr-gymmaty bardyr. Alla musulman bolan gullaryny halaýşy ýaly, adamlaryň asudalygyny üpjün edenlerde bu ynanan ynsanlardyr. Imanly ynsan asuda, hoşgylaw we bagtly adamdyr. Çünki, ynananynsan bir gün Allanyň öňünde eden işleri babatda hasap berjekdigine ynanandygy üçin, Allanyň we adamlaryň, hatda janly-jandarlaryň öňündäki wezipelerini oňat görnüşde berjaý etmäge çalşar. Işidir sözünde çäkli bolar, hetdini biler, aşa gitmekden saklanar. Maşgalasyna, daş-töweregine, ähli adamlara we hatda janly-jandarlara rehimdarlyk edip, ilhalarlyk görkezer. Tebigy heläkçilikleriň we durmuş şowsuzlyklarynyň öňünde tapdan düşmez, özüni ýitirmez, Alla sygynar hem-de oňa bil baglar, ynanar. Bularyň bary birigip, ynsanyň asuda, hoşgylaw we eşretli bolmagyny üpjün eder.