Baş sahypa« BIRINJI BÖLÜM YNANÇ » Pygambermiziň esasy aýratynlyklary

Ähli pygamberleriň pygamber bolmaklygy bilen aralarynda hiç hili tapawudy ýokdur. Olary tapawutlandyrman, biz ähli pygamberlere ynanarys we hemmesiniňde Alla tarapyndan iberlendiklerini ýürekden tassyk edýäris. Ýöne Allanyň özüne beren birnäçe aýratylyklary sebäpli aralarynda tapawut bardyr. Ynha, biziň pygamberimiz käbir aýratynlyklary sebäpli beýleki pygamberlerden üstündir.

Pygamberimiziň esasy aýratynlyklary şulardyr:

1. Pygamberimiz älem-jahana rehimdar (rahmet) hökmünde iberlendir. Beýleki pygamberler bir millete, bir tire-taýpa iberlen bolsa, biziň pygamberimiz bütin adamzat nesline pygamber, tutuş älem-jahana rehimdar hökmünde iberlendir. Käbirleriniň hasap edişi ýaly, ol diňe araplaryň däl, eýsem bütin ynsanlaryň pygamberidir.

2. Pygamberimiziň getiren dini iň soňky dindir. Pygamberimiziň habar berip ýaýradan yslam dini iň soňky we iň kämil bolan dindir. Mundan soňra başga bir din iberiljek däldir we bu din hiç hili üýtgedilmän, aslynda bolşy ýaly ýaşajakdyr, ýaşadyljakdyr.

3. Pygamberimiz soňky pygamberdir. Pygamberimiz pygamberleriň ahyrkysydyr. Ondan soňra başga pygamber iberiljek däldir. Bu hakda mukaddes Gurhanda şeýle diýilýär:

“Muhammet siziň erkekleriňizden hiç biriniň kakasy däldir. Ýöne ol Allanyň resuly we pygamberleriň ahyrkysydyr. Alla her bir zady dolylygy bilen bilýändir.” ( Ahzap: 40)  Pygamberimiz aradan çykandan soňra käbir adamlar pygamberlik düşünjesi bilen ýüze çykarylan hem bolsa, olar taryha “ýalançy pygamberler” diýen at bilen geçendir. “Müseýlemetül-Kezzap”= kezzap Müseýleme” olaryň biridir.

4. Pygamberimiz ymmaty örän köp bolan pygamberdir. Pygamberleriň içinde ymmaty örän köp bolan pygamber biziň pygamberimizdir. Şular we şuňa meňzeş aýratynlyklar sebäpli biziň pygamberimiz pygamberleriň iň beýigidir.