Baş sahypa« BIRINJI BÖLÜM YNANÇ » Iman bilen amal arasyndaky baglanyşyk

Alla we Hz. Muhammediň Alla tarapyndan getirip habar beren zatlaryna tüýs ýürekden ynanan adam musulmandyr. Şol adam haýsy hem bolsa bir saý-sebäp bilen ybadat wezipesini berjaý etmese, haram bolan zatlardan gaça durmasa, ol imanyny ýitiren hasaplanylmaz. Çünki, iman bilen amal biri-birinden tapawutly zatlardyr. Başgaça aýdylanda, amal imanyň bir bölegi däldir.

Muny biz bir mysal bilen düşündireliň: Günde bäş wagt namaz okamak musulmanlara parzdyr, ýagny Allanyň buýrugydyr. Namazyň parzdygyna ynansada, özüniň ýaltalygy sebäpli ony okamaýan adam dinden çykan hasaplanylmaz, ýöne ol Allanyň buýrygyna eýermändigi üçin özüne günä gazanar.

Amal imanyň bir bölegi bolmasa-da, iman bilen amalyň arasynda örän ykjam bir gatnaşyk bardyr. Alla diňe hakyky we kämil musulmanlardan razy bolar. Kämil, ýetişen musulman bolmak üçin bolsa iman bilen bilelikde ybadat etmek hem-de arassa ahlaga eýe bolmak zerurdyr.

Ybadatyň imanyň bir alamatydygyna hiç hili şübhe ýokdur. Diňe ynandym diýmek ýeterlik däldir. Ýürekdäki iman şöhlesiniň sönmezligi üçin ybadat etmek hökmanydyr. Allanyň buýruklaryny ýerine ýetirip, gadagan eden zatlaryndan gaça durmak imany has-da güýçlendirýändir. Ybadat wezipesini berjaý etmeýän adamyň ýüregindäki iman ýuwaş-ýuwaş kör yşyk bolup gowşar we Alla Tagalanyňözi gorasyn, günleriň bir gününde ol yşyk sönüp biler. Bu ýagdaý bolsa ynsan üçin örän uly ýitgidir.