Baş sahypa« BIRINJI BÖLÜM YNANÇ » Ölüm, gabyr we kyýamat

Ölüm: Her bir janly-jandar öljekdir. Bu Allatagalanyň buýrugydyr. Ýöne hiç kim nirede we näwagt öljegini asla bilip bilmez. Garralandan soňra ölenlerimiziň bolşy ýaly, örän ýaş, hatda ýetginjek ýyllarynda-da ölenlerimiz bardyr. Ölmek ruhuň bedeni terk etmegi we ynsanyň bu dünýäden ahyrete göç etmegi diýmekdir.  Ölmek bilen baglanyşykly mukaddes Gurhanda şeýle diýlip bellenilipdir:

“Her bir janly ölümi datjakdyr. Şübhesiz, kyýamat güni eden işleriňiziň garşylygy, öwezi size bolşy kemally şekilde beriljekdir. Kimde kim jähennemden uzaklaşdyrylyp, jennete goýulsa, şol adam hakykatdan hem halas boluşa gowuşan ynsandyr. Bu dünýä durmuşy bolsa, aldatmadan başga bir zat däldir.”( Al-i Imran: 185) 

Gabyr: Ölen adamyň goýlan, jaýlanan ýeri diýmekdir. Muňa mazar hem diýilýär. Bu ýeri dünýä ýaşaýşy bilen ahyret ýaşaýşynyň arasyndaky bir geçelgesidir. Gabyrda sorag hakdyr, hökmanydyr. Öli gabra goýlanynda oňa öňi bilen iki sany perişde geler.Bu perişdelere “Müňkür-Nekir” diýilýär. Ölüden: “Rabbyň kim? Pygamberiň kim? Diniň haýsy dindir?” diýip sorarlar. Musulman bolan adam bu soraglara: “Rabbym-Alla, pygamberim-Muhammet aleýhissalam, dinim-yslamdyr” diýen jogaby berer. Perişdeler bu jogaby alandyklary üçin ondan hoşal bolarlar we ölüni şol sebäpli gutlarlar. Mundan beýläk gabyr şol adam üçin jennet seýilgählerinden bir bakja ýaly bolar we şol adam jennet ýaşaýşynyň lezzetini hut şu ýerdekä almaga başlar. Ynanmadyk adam bolsa bu soraglara jogap berip bilmez. Bu adam üçin gabyr jähennem çukurlaryndan bir çukur bolar we ol jähennem azabynyň ajysyny şu ýerde dadyp başlar. Aslynda pygamberimiz bu hakda: 

“Gabyr – (kime) ýa jennet seýilgählerinden bir bakja, ýa-da jähennem çukurlaryndan bir çukurdyr.” (Tirmizi, Kyýame, 26) diýip ýörite belläpdir. Sorag üçin gabyr şert däldir. Haýsy hem bolsa bir saý-sebäp bilen ölen we gabra goýulmadyklara meselem, suwda gark bolan ýa-da ýanyp kül bolan adamdanda sorag soralar. Ýöne pygamberlere we çaga ýaşda ölenlere sorag ýokdur.

Magşar: Ölenden soňra direlen ynsanlaryň ýygnanyşyk ýeri diýmekdir.  Gabyrlaryndan turjak bolan ynsanlaryň magşara gelmeleri aňsat boljak däldir. Dünýädäki ýagşylyklardyr ýamanlyklaryna görä bir bölegi örän çaltlyk bilen magşar ýerine gelseler, käbir adamlar pyýada görnüşde, hatda emedekläp geljekler hem bardyr. Magşar ýerine ýygnanan adamlaryň bir topary Arşyň kölegesinde saýalanjaklar, bir topary bolsa günäleriň derdidir azabyndan ýaňa gara dere gark boljaklar. Kyýamat güni şeýle bir gündür, bu günüň galagoplulygyndan pygamberler hem Allatagala sygynandyrlar. Şol gün her kimiň öz derdi özüne ýetik boljakdyr, hatda başujunda durjak iň ýakyny bilen meşullanmaga hem mümkimçilik tapyljak däldir. Mukaddes Gurhanda bu gün barada şeýle diýilýär:

“Şol gün ynsan doganyndan, ejesinden kakasyndan, ýanýoldaşyndan we çagalaryndan gaçar. Şol gün her kimiň özüne ýeterlik boljak, hatda artyk boljak derdi bardyr. Şol gün birnäçe ýüzler bardyr parlanýan gülümseýän we şatlyklydyr. Ol gün ýene birnäçe ýüzler bardyr, çań toprak içindedir. Olary bir garalyk gurşap olar. Ynha, olar kapyrlardyr, günä gark bolanlardyr.”( Abese: 34-42)

Kyýamat güni sylag-serpaý we jeza berilýän gündür. Alla ynanyp, onuň buýruklaryna boýun bolanlara we gadagan eden zatlaryndan gaça duranlara şol gün Alla tarapyndan sylag-serpaý, baýrak beriljekdir, ynanmaýanlar bolsa jezalandyryljakdyr. Ynsanyň dünýäde eden işi iň kiçi, sähelçe ýagşylygy hem ýöne galdyrylmajakdyr, şonuň ýalyda, sähelçe, dyrnak ýaly ýamanlykda asla unudyljak däldir.

Mukaddes Gurhanda şeýle diýilýär:

“Kim zerre (sähelçe) mukdary haýyr, sogap eden bolsa, ol şonuň hözürini görer. Kim zerre mukdarda şer eden bolsa, günä eden bolsa, şol adam hem onuň almytyny alar.” ( Zilzal: 7-8)

Şol gün musulmanlar şatlanjak, kapyrlar bolsa “Käşge toprak bolan bolsadyk” diýjekler.