Baş sahypa« BIRINJI BÖLÜM YNANÇ » Diniň gözbaşy

Bar bolan bir topar duýgy-düşünjeler adam bilen bilelikde ýüze çykandyr. Bularyň ilkinjileriniň hatarynda Alla we din pikiri durýar. Din soňra ýüze çykyp emele gelen däldir, adam özi bilen bilelikde ony dünýä getirendir. Her döwürde adamzadyň dine ähmiýet bermegi munuň anyk mysalydyr.
Ýöne adamda dogabitdi bar bolan bu duýgynyň ösmegi, kämilleşmegi üçin bir oýandyryja mätäçligi bardyr. Ynha, Allanyň iberen pygam-berleri bu oýandyrma wezipesini ýerine ýetiripdirler we ynsan barlygynyň bölünmez aýratynlygy bolan Alla hem-de din babatdaky düşünjäniň ösmegini, kämilleşmegini ýola goýupdyrlar. Pygamberleriň wahyýa (öz-özünden seslenmäniň görnüşi) esaslanýan jarnamasy ynsanlaryň ýoluny ýagtyldypdyr we pygamberlere eýerenleriň dini duýgy-düşünjeleri ösüp kämilleşipdir. Pygamberleriň çagyryşlaryna gulak gabartmaýanlaryň bolsa bu duýgulary körzehinleşipdir.
Şeýlelikde, din hut aň, akyl ýaly adamyň ýaradylyşynda bar bolan duýgulary we adamyň özi bilen bar bolan dogabitdi bir esasy pikirdir. Diňe dini kada-kanunlaryň çeşmesi, pygamberleriň ylahy wahyýa esaslanýan jarnamalarydyr, çagyryşlarydyr.