Baş sahypa« BIRINJI BÖLÜM YNANÇ » Birlige gelme-ylalaşma (Ijma)

Ijma: sözüniň sözlükdäki manysy birleşdirmek, bir meselede pikir birligine barmakdyr.

Dindäki adalga manysy bolsa yslam pähimdarlarynyň pygamberimizden soňky haýsy hem bolsa bir döwürde dini bir meseläniň düzgüni babatda pikirlenişip, maslahatlaşyp özara ylalaşmalarydyr.

Bu ylalaşma iki görnüşde emele gelýär. Birinjisi, yslam pähimdarlary, alymlary dini bir meselede öz garaýyşlaryny birmeňzeş ýörelgä salgylanyp düşündirerler. Muňa anyk ylalaşma “Sarih ijma” diýilýär. Ikinjisi bolsa dini bir mesele hakynda bir ýa-da birnäçe alym öz garaýşyny öňe sürer, bu meseleden habarly bolan alym şol döwürdäki beýleki din alymlarynyň şeýle garaýşynyň bardygyny aýdyp, sözüni tamamlarlar. Şeýlelik-de, onuň şol garaýşa goşulýandygy, ony goldaýandygy belli bolar. Muňa bolsa gürrüňsiz ylalaşma “süküti ijma” diýilýär. Yslam alymlarynyň köp bölegine görä “sarih ijma” dini düzgünlerdir kadalar üçin anyk bir çeşmedir. Süküti ijmanyň anyk bolup-bolmadygy heniz doly çözülmedikdir, anyk subut edilmedikdir.

Yslam alymlarynyň köpüsi aşakdaky aýaty we hadysy ylalaşyk (ijma) üçin esasy delil hökmünde görkezýärler:

Allatagala şeýle beýan edipdir: “Kimde kim özüne dogry ýol belli bolanyndan soňra, pygambere garşy çykyp, musulmanlaryň ýolundan başga ýola gyşarsa, ony şol öwrülen, gyşaran ýolunda taşlarys we ony jähenneme oklarys. Ol ýer neneňsi erbet baryş ýeridir.”(Nisa 4/115)Bu aýatda musulmanlaryň barýan ýolunyň eýerilmegi zerur bolan gyşarnyksyz ýoldugy beýan edilendir. Bu ýol hakykatdan hem yslam alymlarynyň aýat we hadyslaryň ýagtylygy esasynda pikirdir garaýşynda gyşarnyksyz ylalaşan yoludyr.

Pygamberimiz hem: “Meniň ymmatym üzlemsaplam babatda birleşmez” (Ibn Maje, Fiten,8) diýip belläpdir.