Baş sahypa« BIRINJI BÖLÜM YNANÇ » Kyýamat haçan gopjakdyr?

Kyýamatyň gopjakdygy hökmanydyr, ýöne onuň wagtyny Alladan başga hiç kim bilmez. Pygamberimizde bu babatda onuň haçan boljakdygyny bilmeýändigini aýdypdyr. Anyk görnüşde bilnen bir zat bar bolsa, ol hem bir gün ýer bilen asmanyň deňagramlylygy bozuljakdyr, gün öçjekdir, ýyldyzlar dargap döküljekdir, deňizler gaýnap, biri-birine garyşjakdyr, daglar biri-biri bilen çakyşyp, para-para bolup bölünjekdir, her bir zat agdar-düňder bolup bütin älem-jahan ýykyljakdyr. Muňa şübhe ýokdur. Çünki muny mukaddes Gurhan habarlarynda beýan edendir, pygamberimiz hem habar berendir.