Baş sahypa« BIRINJI BÖLÜM YNANÇ » Mezhep näme?

Messep sözi ýörelýän ýol diýmekdir. Adalga hökmünde bir diniň alymlarynyň arasyndaky düşünjeleriniň we beyanlarynıň tapawudyndan ýüze çykan garaýyşlary diýmekdir.  Yslam dininde hem mezhepler bardyr. Olaryň arasynda uly bir tapawut ýokdur. Hemmeside mukaddes Gurhany we pygamberimiziň hadyslaryny esas edip alandyrlar. Ýöne anyk we aýdyň bolmaýan (aýatda we hadysda duşmaýan) käbir meselelerde alymlar özbaşdak netije çykarypdyrlar, garaýyşlaryny beýan edipdirler.

Pygamberimiz egindeşlerinden Muazy (r.a.) Ýemene häkim hökmünde iberilen wagty oňa şeýle sorag beripdi:

-Ýemende nädip, näme bilen dolandyryş işini geçirjek? Muaz:

-Allanyň kitaby Gurhan bilen dolandyryş işlerini geçirjek. Pygamberimiz:

-Eger, gözleýäniňi Gurhandan tapmadyk halatyňda näme etjek?- diýdi. Muaz:

-Resulallanyň hadysy bilen dolandyraryn diýdi. Pygamberimiz:

-Ondan-da tapmasaň, nädersiň?-diýdi. Muaz:

- Öz garaýyşlarym bilen dolandyraryn- diýip jogap berdi. Muazyň bu jogabyna pygamberimiz hoşal boldy we şol sebäpli Alla minnetdarlygyny bildirdi. (Ebu Dawut, Akdyýe, 11; Tirmizi, Ahkam, 3)

Mundan şeýle netije gelip çykýar: haýsy hem bolsa bir waka hakynda mukaddes Gurhanda we pygamberimiziň hadysynda anyk bir garaýyşdyr pikir ýok bolsa, onda yhlasly işgär öz düşünjedir garaýşyna esaslanyp meseläni çözer.

Akyl netijesine esaslanmaga haky bolan alymlar haýsy hem bolsa bir waka birmeňzeş garaýşy öňe sürüp biljekleri ýaly, biri-birinden tapawutly, üýtgeşik bolan pikirleri-de orta atyp bilerler. Ynha, mezhepler şunuň ýaly anyk we aýdyň bolmadyk ýagdaýlarda dörän dürli garaýyşlaryň jemidir.

Yslamdaky mezhepler iki sany bolup, olar ynanja we amala degişli messeplerdir.